Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa agzybir halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek bilen birlikde, ählumumy parahatçylygy, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna gyşarnyksyz eýerýändigi bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy barha belende göterilýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmakda zerur bolan ähli mümkinçiliklere eýe.
BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyryldy. Hususan-da, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 4 sany Kararnamasy kabul edildi. Şolaryň biri hem 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistan dünýä hem sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýygjam gatnaşyklary, ulag-logistika, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa ugurlary boýunça netijeli işleri alyp barýar.
Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýär. Bu bolsa oňa diňe bir Merkezi Aziýa sebiti däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem aýratyn ähmiýetli häsiýet berýär. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapynyň teklibi esasynda, gurama agza ýurtlaryň 86-synyň goldamagynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyç örän derwaýysdyr.
Bu Kararnamada Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esas goýujy maksatlary we ýörelgeleri, hususan-da ýüze çykýan jedelli meseleleri parahatçylykly serişdeler we usullar arkaly çözmek baradaky borçnamalar öz beýanyny tapdy.
«2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan yglan edilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen halkara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat üçin taryhy we syýasy ähmiýetini nazara almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň birnäçesiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taryhy Kararnamalaryň 30-a golaýynyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrmak babatdaky köpugurly işleriniň aýdyň netijesidir.
2025-nji ýylda hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli halkara çäreler geçiriler. Bu çäreler ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň bütin dünýä ýaýramagyna itergi berer.
Mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Gurbanbibi Orazbaýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.