Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda türkmen bedewiniň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşuldy. Türkmen öz atyny-bedewini hemişe ýanynyň ýoldaşy, arzuwlarynyň başy hasaplapdyr. Şonuň üçin hem ýüzüniň tuwagy gelin-gyzlarynyň bezegi ýaly atyny hem altyn-kümüşe besläpdir.
Taryhyň uzak ýyllarynyň dowamynda her bir halk özüne mahsus milli gymmatlyklaryny döredip, asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiripdirler. Hut şonuň üçin hem, taryhyň gatlaryna nazar aýlanyňda, akylyň haýrana galdyryjy gözellikleri döredip dünýä medeniýetine, adamzat ösüşine uly goşant goşan halkymyzyň bardygyna buýsanmaga doly haklydyrys. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, öz aslyny Oguz han türkmenden alyp gaýdýan merdana halkyň diýseň sowatly, parasatly, pähim- paýhasly bolandygyna has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Çünki, türkmeniň parasatly pederleri bäş müň ýyllyk taryhynda dünýä ylmyna, medeniýetine hiç bir halky tarapyndan hiç mahal gaýtalap döredip bilinmejek ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklaryň ençemesini goşmagy başarypdyr.
Gahryman Arkadagymyz “Ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan bedewlerimiziň toý-baýramlarymyzyň bezegi, il-ýurdumyzyň köňül ganaty, milli buýsanjymyzdyr” diýip belläp geçýär.
Dünýä atşynaslygynyň göwher gaşy bolup ýalkym saçýan ahalteke bedewleri geçmişde türkmen topragynda bolan taryhçylary, jahankeşdeleri haýrana goýypdyr. Şonuň üçin hem, olaryň köpüsi ýazgylarynda ahalteke atlary hakynda gürrüň edenlerinde “Ganatly bedewleri ” diýen jümläni ulanypdyrlar. Ýelden ýüwrük bedewleriň tarypy türkmeniň nusgawy şahyrlarynyň şygyrlarynda-da, şekillendiriş sungat eserlerinde-de juda belent ýaňlanýar. Muňa mysal edip, Aşgabat şäheriniň gözel künjekleriniň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňünde ýerleşýän bürünçden ýasalan ganatly bedewlerimizi mysal getirip bileris.
Türkmen gadymy döwürden bäri gylýalçylyk bilen meşgullanyp gelýän millet. Bu gadymy milletiň müňýyllyklaryň içinden geçip üçünji müň ýyllyga getiren iň gadymy zatlarynyň biri hem ahalteke atlarydyr. Häzirki ahalteke atlarynyň gelip çykyşy bilen gyzyklanýan atşynaslar, arheologlar, taryhçylar bu behişdi, görenleri haýranda, görmedikleri armanda goýýan tohum atlaryň dünýäde iň gadymy bedewlerdigini, olaryň dünýäniň atçylyk medeniýetini ösdürmäge güýçli täsirini ýetirendiklerini doly ykrar edýärler. Türkmen sungatynda atyň keşbi neolit döwründen bäri tanalýar. Ilkidurmuş döwründen gadymy adamlar haýwanlaryň şekilini döredipdirler. Haýwanlaryň şekilini gaýalaryň ýüzünde çekipdirler. Daşdan, agaçdan,süňkden ýonupdyrlar, toýundan bişirip ýasapdyrlar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde eneolit döwrüne degişli düýäniň palçykdan ýasalan heýkeljigi saklanýar. Eneolit we bürünç döwründe keramika gap-gaçlaryň ýüzünde gara reňk bilen goçlaryň, tekeleriň, geçi-gaplaňlaryň şekili çekilipdir. Atlaryň şekili bolsa bürünç döwründe örän köp şekillendirilýär. Mysal üçin, Goňurdepeden tapylan bürünçden ýasalan atyň heýkeljigi hem-de Altyndepeden tapylan toýundan ýasalan atly araba şol döwürdäki at keşbiniň kämilleşmegini subut edýär. Şonuň ýaly heýkel şekiller gadymy ussatlaryň zehinini görkezýär.
Bürünç döwrüniň heýkeltaraşlary atyň şekilini dogruçyl beýan etmäge ymtylypdyrlar. Bedewe mahsus bolan hereketleri doly meňzedipdirler. Gadymy Parfiýa patyşalygynda at hökümdarlygyň nyşany hökmünde hyzmat edipdir. Parfiýanyň dürli sungat önümlerinde atyň şekili duş gelýär. Egin-eşiklere dakylýan kümüş we bürünç kentawr hyýaly jandaryň keşbine meňzedipdirler. Parfiýalylaryň daşky eşigine tikilýän tegelek altyndan ýasalan plastinalarda at görnüşli eli naýzaly we galkanly kentawrlaryň şekili çekilipdir. Atyň şekili Parfiýanyň kümüş pullarynda hem örän köp görkezilipdir. Mysal üçin, Nusaýda tapylan teňňeleriň ýüzünde ganatly bedewiň şekili ýasalypdyr. Fransiýanyň Luwr muzeýinde parfiýa atlysynyň toýundan ýasalan şekili saklanýar. Bu eserde söweşe barýan atly esgeriň keşbi atyň güýçli hereketine bagly bolýar. Parfiýa döwründe atyň şekilini amaly-haşam sungatynda hem ulanypdyrlar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanýan birnäçe zergärçilik önümlerinde hem atyň keşbine duş gelmek bolýar. Mysal üçin, türkmen gylyçlaryň tutawajynda atyň kellesi altyn çaýylan, kümüşden bolup, bezegli gylyçlar sowgat hökmünde ХIХ asyrda türkmen zergär we ýarag ussalary tarapyndan ussatlyk bilen ýasalypdyr. Halkymyzyň asyrlarboýy timarlap, şu günlerimize getiren türkmen bedewleri gadymy gymmatlyklarymyzyň biridir.
Jennet Amanowa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiri.
PDF









