Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de goň­şy döw­let­ler bi­len öza­ra bäh­bit­li­lik hem-de deň­hu­kuk­ly­lyk esas­la­ry­na da­ýan­ýan gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Bu ba­bat­da ýur­du­myz­da goň­şy döw­let­ler we has ýa­kyn se­bit­dä­ki ýurt­lar bi­len iň­ňän go­wy gat­na­şyk­lar al­nyp ba­ryl­ýar.
Mu­ňa şu ýy­lyň iýun aýyn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň res­mi sa­pa­ry, aw­gust aýyn­da Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň döw­let sa­pa­ry aý­dyň my­sal bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem şu ýy­lyň 6-njy aw­gus­tyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň üçün­ji kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­nyň ge­çi­ril­me­gi bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Şu hep­dä­niň do­wa­myn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň ýur­du­my­za döw­let sa­pa­ry­na gel­me­gi türk­men-ga­zak stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1992-nji ýy­lyň 5-nji okt­ýab­ryn­da ýo­la go­ýul­dy. Bu gün döw­le­ta­ra, hö­kü­me­ta­ra we pu­da­ga­ra de­re­je­de gol çe­ki­len hem-de der­wa­ýys ugur­la­ryň uly top­lu­my­ny öz içi­ne al­ýan iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň 120-si türk­men-ga­zak hyz­mat­daş­ly­gy­nyň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýär. Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­ta­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar 2017-nji ýyl­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­me­gi bi­len hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­dy.
Sy­ýa­sy nuk­daý­na­zar­dan se­re­di­len­de, Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çä­gin­de hem ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk alyp bar­ýar. Soňky ýyl­lar­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sü­ren äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň aw­tor­da­şy bo­lup çy­kyş ed­ýän Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­syn­da öňe sü­rül­ýän tek­lip­le­ri yzy­gi­der­li gol­dap gel­ýär.
Ga­za­gys­tan bi­len di­ňe bir BMG-niň çäk­le­rin­de däl, eý­sem, se­bit­dä­ki mö­hüm gu­ra­ma­lar bo­lan Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň, Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň çäk­le­rin­de hem oňyn iş­ler ýo­la go­ýul­dy. Bil­şi­miz ýa­ly, Türk­me­nis­tan Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň baş­lyk­ly­gy­ny ka­bul et­di we şu ýy­lyň do­wa­myn­da bu iri se­bit gu­ra­ma­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň mej­li­si­ni gu­rar.
Söw­da-yk­dy­sa­dy ba­bat­da aý­dy­lan­da bol­sa, Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy söw­da-yk­dy­sa­dy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­ýär. Iki ýur­duň ara­syn­da ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk we beý­le­ki ugur­lar­da giň hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. Şo­la­ryň ne­ti­je­sin­de, iri hal­ka­ra we se­bit tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­tan-Öz­be­gis­tan-Ga­za­gys­tan-Hy­taý hal­ka­ra gaz­ge­çi­ri­ji­si­ni hem-de Türk­me­nis­tan-Ga­za­gys­tan-Eý­ran de­mir ýol tas­la­ma­sy­ny şo­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­kez­mek bo­lar.
Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri, şol san­da dost­luk­ly Türk­me­nis­tan aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Türk­me­nis­tan Ga­za­gys­ta­nyň di­ňe bir Mer­ke­zi Azi­ýa­da däl, eý­sem, Ha­zar se­bi­tin­de hem mö­hüm stra­te­gik hyz­mat­da­şy­dyr. Döw­let­le­riň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň dep­gi­ni dur­nuk­ly ösü­şi­ni sak­la­ýar. Ser­het­ýa­ka hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň ös­dü­ril­ýän­di­gi hem aý­ra­tyn nyg­tal­ma­ga my­na­syp­dyr. Şun­da Ga­za­gys­ta­nyň Man­gis­tau we­la­ýa­ty bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Iki ýur­duň ser­het­le­rin­de söw­da bo­ýun­ça ýö­ri­te ser­het­ýa­ka zo­la­gyň dö­re­dil­me­gi ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­dir. Iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk­da aw­to­mo­bil, de­mir ýol we de­ňiz ulag­la­ry ar­ka­ly ýük­le­riň da­şal­ma­gy­na esa­sy orun de­giş­li­dir.

Işan­gu­ly MA­NA­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.