Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän häzirki zamanyň derwaýys wezipelerine jogap berýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornuny has-da berkidýär.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine laýyklykda, iri we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ähli gyzyklanýan taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan halkara we sebit guramalarynyň köp sanlysynyň agzasy bolmak bilen bir hatarda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde gurama agza döwletler bilen nusgalyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar.
2026-nji ýylda Türkmenistan bu gurama başlyklyk etmek bilen, şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň Geňeşinde, Ykdysady Geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda ýolbaşçylyk eder.
Ozal hem bu guramada üstünlikli başlyklyk eden Türkmenistan geljek ýylda-da özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ulag we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek, bu ugurda häzirki zaman infrastrukturasyny döretmek babatda özüniň baý tejribesini agza döwletler bilen paýlaşyp, uly ösüşleriň gazanylmagyna goşant goşar.
Ahmet ANNAMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









