Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň eksportynyň umumy möçberi 450 milliard kub metre ýetdi. Bu görkeziji iki ýurduň ykdysady we durmuş ösüşine güýçli itergi berdi diýip, CNPC-niň Merkezi Aziýa we Russiýa boýunça prezidenti Çen Huaýlun “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly 30-njy halkara maslahatynda belledi.
Çen Huaýlunyň bellemegine görä, dünýä energetika ulgamy arassa we az uglerodly geljege tarap ösüp barýan häzirki şertlerde tebigy gaz örän möhüm we çalşyp bolmajak orny eýeleýär. Tebigy baýlyklara örän baý ýurt hökmünde Türkmenistan dünýäniň artýan energiýa islegini kanagatlandyrmakda we ýurtlaryň az uglerodly ösüş maksatlaryna ýetmegine ýardam bermekde uly mümkinçiliklere eýedir. Şeýle hem ol eksport ugurlaryny giňeldýär diýip, işewür aýtdy.
CNPC-niň wekili soňky 19 ýylda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn netije berendigini, aýratyn-da gaz ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. 2007-nji ýylda möhüm şertnamalaryň baglaşylmagyndan soň hyzmatdaşlyk köp ugurlar boýunça — “Bagtyýarlyk” taslamasynyň çäginde känleriň özleşdirilmeginden başlap, söwda we inženerçilik ugruna çenli giňeldi.
Çen Huaýlun Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gazanylan soňky ylalaşyklary aýratyn belläp, olaryň hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini tassyklaýandygyny nygtady.
Ol öz çykyşynda CNPC-niň Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen energetika hyzmatdaşlygyny ähli gaz zynjyry boýunça çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy. Kompaniýa durnukly önümçiligi, gaz çykarylyşynyň netijeliligini we gaz geçirijileriň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmegi dowam etdirer.
Mundan başga-da, Çen Huaýlunyň aýtmagyna görä, CNPC ýaşyl energetika ulgamynda öwrülişik geçirişini çaltlaşdyrar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, wodorod energetikasy we metan zyňyndylaryny azaltmak babatynda hyzmatdaşlyk we bilelikdäki ylmy-barlaglary ösdürer.
Bu çäreler Türkmenistanyň energetika gurluşyny kämilleşdirmäge we uglewod zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlaryna ýetmäge ýardam berer. Şeýle hem energetika infrastrukturasynda sanly ulgamlary (akylly energetika ulgamlary, sanly turbageçirijiler) ösdürmek we dürli okuw maksatnamalary arkaly Türkmenistanyň hünärmenler binýadyny güýçlendirmek boýunça hyzmatdaşlyk dowam eder.