27-29-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Şäher syýahatçylygy boýunça birinji ählumumy sammit geçirildi. Oňa dünýäniň 22 şäherinden we 13 ýurdundan 1200-den gowrak wekil ýygnandy. Forum durnukly syýahatçylygy ösdürmek, şäher meýilnamalaşdyryşy we innowasiýalary ornaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak üçin täze halkara meýdança öwrüldi.
Çärä Pusanyň häkimliginiň, Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk guramalarynyň, halkara düzümleriň wekilleri, şeýle hem sanly tehnologiýalar, medeniýet we ekosyýahatçylyk ulgamlarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar.
Sammite Türkmenistandan Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Ý.Bekmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Forumyň dowamynda wekiller şäherara gatnaşyklary ösdürmegiň, syýahatçylyk infrastrukturasyna maýa goýumlaryny çekmegiň we medeni alyş-çalşygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sammitiň maksatnamasy şäher häkimleriniň “tegelek stoly”, şäherleriň tanyşdyrylyş çäreleri we durnukly syýahatçylyga, syýahatçylyk akymlaryny dolandyrmakda “akylly” tehnologiýalara hem-de medeni mirasy wagyz etmekde şäherleriň ornuna bagyşlanan tematik sessiýalary öz içine aldy.
Syýahatçylyk pudagyny sanlylaşdyrmaga, ekosyýahatçylyk ulgamynda innowasion çözgütleri ulanmaga, şeýle hem syýahatçylar üçin oňaýly we howpsuz şäher gurşawyny döretmäge aýratyn üns berildi.
Çeşme: HHM