Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji mej­li­sin­de çy­kyş edip, Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek­li­gi tek­lip et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan BMG-niň gel­jek ýyl­lar üçin işi­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň ara­syn­da ho­wa we eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­me­gi mö­hüm ha­sap­la­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da me­tan bo­ýun­ça äh­lu­mu­my borç­na­ma­lar bi­len bag­ly me­se­le­le­ri aý­ra­tyn bel­le­ýä­ris.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, bi­ziň ýur­du­my­zyň Ho­wa bo­ýun­ça Pa­riž Yla­la­şy­gy­na go­şul­ma­gy bi­len, 2017-nji ýyl­da bir­nä­çe de­giş­li mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň ka­bul edi­len­di­gi­ni aýt­ma­ly­dy­rys. Me­ta­nyň ho­wa ýaý­ra­ma­gy­nyň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ni azalt­mak we ýok et­mek mak­sa­dy bi­len, umu­my­döw­let çä­re­le­ri ile­ri tu­tu­lyp ama­la aşy­ryl­ýar.
«Şol bir wagt­da biz dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň me­tan ba­bat­da äh­lu­mu­my borç­na­ma­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry­ny gol­da­ýa­rys» – di­ýip, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öz çy­ky­şyn­da nyg­taý­şy ýa­ly, şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýa­ňy-ýa­kyn­da Türk­me­nis­tan­da Me­tan bo­ýun­ça äh­lu­mu­my borç­na­ma Türk­me­nis­ta­nyň go­şul­ma­gy ba­ra­da­ky me­se­lä­ni öw­ren­mä­ge gö­nük­di­ri­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek ba­bat­da­ky Ýol Kar­ta­sy tas­syk­lan­dy. Bu res­mi­na­ma ýa­kyn wagt­da Gu­ra­ma­nyň Sek­re­ta­ria­ty­na ibe­ri­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ne has düýp­li we tä­sir­li üns ber­mek üçin wagt ýet­di. Bu me­se­le­le­re se­re­di­len­de bel­li bir he­re­ket­siz­li­gi ýe­ňip geç­me­li we örän uly gi­ňiş­lik­le­ri eýe­le­ýän, öz­bo­luş­ly te­bi­gy se­riş­de­le­ri hem-de bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi bo­lan, şol bir­wagt­da düýp­li eko­lo­gi­ýa tö­wek­gel­çi­lik­le­ri­niň zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän 80 mil­lio­na go­laý ilat­ly se­bit ba­bat­da BMG-niň mak­sat­ly eko­lo­gi­ýa stra­te­gi­ýa­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça bel­li bir sal­gy­ly we anyk çä­re­le­re baş­la­ma­ly.
«Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ne stra­te­gik çe­me­leş­me ka­bul edi­len­de Türk­me­nis­tan mö­hüm ädim hök­mün­de ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­zü­mi – Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­lip bi­len çy­kyş ed­ýär.
Bu Mer­kez ho­wa me­se­le­si bo­ýun­ça anyk we ul­gam­la­ýyn iş­le­ri alyp ba­rar. Biz bu Mer­ke­ziň iş­le­me­gi üçin Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat­da gu­ra­ma­çy­lyk we teh­ni­ki şert­le­ri dö­ret­mä­ge taý­ýar» – di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow aýt­dy.