1-2-nji iýunda Ulan-Batorda hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň
we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp, Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz
pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň salamyny
we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparyny we onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma işjeň gatnaşandygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ugurdaky maksatlara ýetiljekdigine ynam bildirdi.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh geçen ýyl Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini belläp, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi we mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.
Ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda, uzak möhletli geljegi hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini aýtdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň wekiliýet agzalaryny ýene bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Mongoliýanyň Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem ähli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şunda ýokary derejedäki özara saparlaryň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Hormatly Prezidentimiz mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, şu duşuşygyň Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň güýzünde Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň barşynda geçirilen gepleşikleriň özboluşly dowamydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-mongol gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýete eýe bolýandygy hem-de durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mongoliýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi we ep-esli giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, häzirki döwürde bu ugurda hyzmatdaşlyga güýçli depgin we köpugurly häsiýet bermek üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurtlaryň ençemesiniň çäklerini öz içine alýan utgaşdyrylan ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjyny öňe sürdi. Bu taslamalar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meseleleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Şu ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň derejesinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Bu maslahat «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly şygar bilen geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Mongoliýany bu maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy. Bu ugurda Türkmenistanyň mongol tarapy bilen bir maksada gönükdirilen dialogyň dowam etdirilmegine bil baglaýandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň şu ýylyň aprel aýynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» resmi taýdan goşulandygyny belledi hem-de türkmen tarapynyň Ulan-Batorda ýerleşýän bu merkez bilen işjeň özara hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz energetika pudagynyň hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugrudygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda anyk özara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri görýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz mongoliýaly hyzmatdaşlaryň tekliplerine seretmäge, telekeçileriň göni gatnaşyklaryny ýola goýmakda goldaw bermäge, özara söwda amallaryny amala aşyrmak üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge taýýardyr.
Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamda hem bilelikde iş alyp barmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Şu ýyl Türkmenistan üçin aýratyn ýyldyr. Şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýär. Şeýle hem 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu wakalaryň şanyna şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara forum geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy bu dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda netijeli gepleşikler, hoşniýetlilik we iki halkyň hem-de döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýarlyk üçin, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha we mongol wekiliýetiniň ähli agzalaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Mongoliýanyň Baştutany çykyş edip, gepleşikleriň netijeli bolandygyny, olaryň barşynda döwletara gatnaşyklarda ýetilen sepgitleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
Şeýle hem Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh ykdysady ugurlara ünsi çekmek bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem-de ileri tutulýan ugurlaryna garalandygyny belledi.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden ähli tekliplerini goldap, Mongoliýanyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň arasynda gol çekiljek resminamalaryň möhüm ähmiýetini nygtady. Şunda gepleşikleriň dowamynda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak we giňeltmek barada ylalaşyk gazanylandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ulag gatnawlaryny hem-de logistikany ösdürmek maksady bilen, Awtomobil ulagy boýunça bilelikdäki komitetiň, şeýle hem oba hojalygy, weterinariýa hem-de maldarçylyk boýunça degişli komitetleriň döredilmeginiň möhümdigi nygtaldy.
Mongoliýanyň Baştutany özara söwda dolanyşygynyň hem-de harytlaryň görnüşleriniň artmagy bilen baglylykda, ýeňil senagat pudagynda taslamalary we maksatnamalary bilelikde durmuşa geçirmek hakynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini belledi. Dostlukly döwletiň Baştutany şeýle hem Türkmenistan bilen halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Bu ugurda biziň ýurtlarymyz birek-biregiň tekliplerini we başlangyçlaryny özara goldaýarlar.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» goşulandygy üçin Türkmenistana tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Dostlukly döwletiň Baştutany Mongoliýanyň ýurdumyz bilen köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi ugur edinýändigini ýene bir gezek tassyklady.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet saparynyň dowamynda söwda-ykdysady, ýeňil senagat, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen
14 resminama gol çekildi.