Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge bilelikde we işjeň gatnaşmak, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, oňyn halkara dialoga hemmetaraplaýyn ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň, şeýle-de diplomatiýasynyň strategik ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, ýagny ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, hoşmeýilli erk-islege esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi mundan beýläk-de Garaşsyz türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar.

Türk­me­nis­tan ab­raý­ly hal­ka­ra, se­bit we döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk me­ha­nizm­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­mak bi­len, pa­ra­hat­çy­lyk hem-de yna­nyş­mak me­de­ni­ýe­ti­niň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar, de­ňe­çer we je­bis­leş­di­ri­ji hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len mak­sa­da ok­gun­ly we uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň stra­te­gik ug­ry esa­syn­da üp­jün edil­ýär.
Türk­men döw­le­ti pa­ra­hat­çy­ly­gy, äh­li ta­rap­la­ryň bäh­bit­le­ri­niň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len äh­lu­mu­my he­re­ket­le­riň ul­ga­my­ny go­rap sak­la­mak ba­bat­da BMG-niň ut­gaş­dy­ry­jy or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ta­gal­la­la­ry­nyň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek me­se­le­le­rin­de kes­git­leý­ji bin­ýat hök­mün­de gu­ra­ma­nyň mö­hüm or­nu­ny yk­rar ed­ýär.
Hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň hä­zir­ki ýag­da­ýy we müm­kin­çi­lik­le­ri döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni hem-de we­him­le­ri­ni çöz­mek­de dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri­niň ut­ga­şyk­ly, ul­gam­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­di­gi­ni en­çe­me ge­zek gör­kez­di. Soň­ky ýyl­la­ryň dün­ýä we se­bit de­re­je­sin­dä­ki wa­ka­la­ry pa­ra­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­ma­gyň, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň mö­hüm ugur­la­ry bol­ma­gyn­da gal­jak­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär. Türk­me­nis­tan dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň jo­gap­kär­li gat­na­şy­jy­sy bol­mak bi­len, hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na gy­şar­nyk­syz eýe­rip, baş mak­sa­da ýet­mä­ge – howp­suz­ly­gyň bi­te­wü­li­gi we bö­lün­mez­li­gi ýö­rel­ge­si esa­syn­da äh­lu­mu­my ul­ga­my dö­ret­mä­ge ça­lyş­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň öňün­de dur­ýan mak­sat­lar hem-de we­zi­pe­ler, onuň ile­ri tut­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ugur­la­ry, dür­li me­se­le­le­ri çöz­mä­ge de­ňe­çer çe­me­leş­me­si dün­ýä ösü­şi­niň pro­ses­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýar. Döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň yzy­gi­der­li­li­gi, ýur­duň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň stra­te­gik we­zi­pe­le­ri­niň umu­my­ly­gy, öza­ra bag­la­ny­şy­gy, hal­ka­ra dur­mu­şyň äh­li wa­jyp ugur­la­ry­nyň mil­li bäh­bit­ler bi­len saz­la­şy­gy türk­men döw­le­ti­niň äh­lu­mu­my sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gi­ňiş­lik­dä­ki iş­le­re iş­jeň gat­naş­ma­ga gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni kes­git­le­ýän mö­hüm gör­ke­zi­ji­ler bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap döw­let hök­mün­de öz­bo­luş­ly hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy, çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi we uly se­riş­de­ler kuw­wa­ty, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik işin­de ga­za­nan baý tej­ri­be­si, döw­le­ta­ra me­se­le­le­riň pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol­lar ar­ka­ly çö­zül­me­gi­ne yg­rar­ly­ly­gy dün­ýä we se­bit de­re­je­sin­de pi­kir­le­ri hem-de tek­lip­le­ri ne­ti­je­li iler­let­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ze­rur şert­ler bo­lup dur­ýar. Şun­da hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak­da we çöz­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän ne­ti­je­li hem-de iş­jeň or­ny döw­le­ti­mi­ze öza­ra yna­nyş­mak, dü­şü­niş­mek, deň­hu­kuk­ly­lyk ýag­da­ýy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, äh­li döw­let­le­riň, halk­la­ryň bäh­bit­le­ri­niň de­ňe­çer­li­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýän äh­lu­mu­my pro­ses­le­riň do­ly hu­kuk­ly gat­na­şy­jy­sy hök­mün­de özü­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Däp bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň açyl­ma­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da öň­de dur­ýan dö­wür üçin ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­dy. Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze baş­lan­gyç­la­ry ýur­duň öz üs­tü­ne alan hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi­ni iş­jeň do­wam et­dir­mek bi­len, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, ener­ge­ti­ka, eko­lo­gi­ýa we yn­san­per­wer hä­si­ýet­li me­se­le­le­ri öz içi­ne al­ýan äh­lu­mu­my ösü­şiň bin­ýat­la­ýyn ugur­la­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li dia­lo­gy mun­dan beý­läk-de çuň­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­ler. Öň­de bol­jak ses­si­ýa­nyň bar­şyn­da döw­le­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň äh­lu­mu­my we se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi do­wam et­di­rer.
Bu mö­hüm res­mi­na­ma özün­de bir­nä­çe esa­sy ugur­la­ry jem­le­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek me­se­le­le­ri aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan howp­suz­ly­gyň bi­te­wü­li­gi, onuň dür­li ugur­la­ry­nyň bö­lün­mez­li­gi we öza­ra bag­la­ny­şyk­ly­ly­gy ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýär. Howp­suz­ly­gyň hiç bir ug­ry, onuň beý­le­ki bir­nä­çe ugur­la­ry üp­jün edil­mez­den uzak möh­let­le­ýin we do­ly de­re­je­li bo­lup bil­mez. Baş As­samb­le­ýa­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň do­wa­myn­da alyp bar­jak işin­de Türk­me­nis­tan bi­ta­rap­lyk, go­şu­lyş­maz­lyk, gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­ly, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýol­lar ar­ka­ly çö­zül­me­gi­ne yg­rar­ly­lyk ýö­rel­ge­le­rin­den ugur alar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da BMG we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len agent­lik­le­ri hem-de ins­ti­tut­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de mö­hüm baş­lan­gyç­la­ryň bir­nä­çe­si­ni öňe sür­di. Bu gün Türk­me­nis­tan BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri we hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry esa­syn­da, äh­lu­mu­my ösü­şiň mö­hüm ýag­daý­la­ry­ny­dyr me­ýil­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, Äh­lu­mu­my howp­suz­lyk stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak müm­kin­çi­li­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga gi­riş­me­gi tek­lip ed­ýär. Bu stra­te­gi­ýa gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň öňü­ni al­ma­gyň we ara­dan aýyr­ma­gyň gu­ra­ly hök­mün­de öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ula­nyl­ma­gy; je­del­le­ri we gap­ma-gar­şy­lyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýol­lar ar­ka­ly çöz­mek üçin bi­ta­rap­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyl­ma­gy; şeý­le hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2021-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» hem-de 2023-nji ýy­ly «Pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li hök­mün­de dia­lo­gyň hal­ka­ra ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky çöz­güt­le­ri esa­syn­da yna­ny­şyk­ly dia­log me­de­ni­ýe­ti­niň di­kel­dil­me­gi ýa­ly ugur­la­ry özün­de jem­le­me­li­dir.
«Mer­ke­zi Azi­ýa – BMG» gör­nü­şin­dä­ki inkl­ýu­ziw, do­ly de­re­je­li we ul­gam­la­ýyn dia­log bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan gu­ra­ma­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da hem-de onuň bi­len goň­şy zo­lak­lar­da Howp­suz­lyk bo­ýun­ça mas­la­ha­ty dö­ret­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş ed­ýär. Se­bit­de dur­nuk­ly, gap­ma-gar­şy­lyk­syz ösü­şi üp­jün et­mek­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy ins­ti­tut­la­ryň ta­gal­la­la­ry­ny ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga we ut­gaş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len çe­me­leş­me­le­ri­dir çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak bu mas­la­ha­tyň esa­sy mak­sa­dy­dyr. Türk­men ta­ra­py onuň bi­rin­ji mej­li­si­ni 2024-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim ed­ýär.
Azyk me­se­le­si­ni çöz­mek­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na gol­daw ber­mek Türk­me­nis­ta­nyň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan işi­niň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ýe­ne bi­ri­dir. Şu­lar­dan ugur alyp, Türk­me­nis­tan BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da hem-de Bü­tin­dün­ýä azyk mak­sat­na­ma­sy, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy, Azyk we oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk­da azyk howp­suz­ly­gy bo­ýun­ça iri hal­ka­ra fo­ru­my ça­gyr­ma­gy tek­lip ed­ýär.
Ter­ror­çy­ly­ga gar­şy hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan bu ul­gam­da bi­lim ber­mek işi­ni ös­dür­me­giň, şol san­da ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň, okuw me­ýil­na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň, aň-bi­lim iş­le­ri­ni güýç­len­dir­me­giň, me­de­ni­ýet­le­riň ara­syn­da dia­lo­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ta­ra­py BMG-niň Ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek mü­dir­li­gi bi­len BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň bin­ýa­dyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek mak­sat­na­ma­sy­ny dö­ret­mek ba­bat­da iş­le­ri do­wam et­di­rer.
Mer­ke­zi Azi­ýa­da dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek we pug­ta­lan­dyr­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan, Ow­ga­nys­tan­da pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de yla­la­şy­gy ga­zan­ma­ga ýar­dam et­mek, şol san­da goň­şy ýur­da yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­ni ber­mek hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň çäk­le­rin­dä­ki köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, 2023-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki no­bat­da­ky du­şu­şy­gy­ny ge­çir­mek, şeý­le hem 2024-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny gu­ra­mak tek­lip edi­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan Aş­ga­bat şä­he­rin­de bi­ta­rap­lyk we onuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça yl­my bar­lag­la­ry hem-de iş­le­ri ge­çir­mek üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça bol­jak Bi­ta­rap­lyk we howp­suz­lyk ins­ti­tu­ty­ny dö­ret­mek müm­kin­çi­li­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy tek­lip ed­ýär.
Hal­ka­ra we se­bit de­re­je­sin­de dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan BMG-niň Yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti bi­len bi­le­lik­de, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki aý­ra­tyn dia­lo­gy dö­ret­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş ed­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň «Üz­nük­siz, dur­nuk­ly we yg­ty­bar­ly ener­gi­ýa mo­bil­li­gi we onuň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­dä­ki aý­ra­tyn or­ny» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­mek müm­kin­çi­li­gi­ne se­ret­me­gi tek­lip ed­ýär. Ka­rar­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de 2025-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da «Dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka hem­me­ler üçin» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi göz öňün­de tu­tul­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka ne­ti­je­li­li­gi me­se­le­le­ri­ne hem-de ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni peý­da­lan­ma­ga gy­zyk­lan­ma­sy­ny na­za­ra al­mak bi­len, ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak we or­naş­dyr­mak, ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­niň ul­ga­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­lyk be­ýan edil­ýär.
Türk­me­nis­tan ulag ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge 78-nji ses­si­ýa­nyň çäk­le­rin­dä­ki işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de ga­ra­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men ta­ra­py bir­nä­çe baş­lan­gyç­lar, ýag­ny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň «Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin ulag­la­ryň äh­li gör­nü­şi­niň ara­syn­da ara­bag­la­ny­şy­gy ber­kit­mek» at­ly Ka­rar­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak, BMG-niň Yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti bi­len bi­le­lik­de, 26-njy no­ýab­ryň «Bü­tin­dün­ýä dur­nuk­ly ulag gü­ni» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li Aş­ga­bat pro­se­si­niň çäk­le­rin­de Baş As­samb­le­ýa­nyň dur­nuk­ly ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­si­ni ge­çir­mek, şeý­le hem şu ýy­lyň de­kab­ryn­da Dur­nuk­ly ulag bo­ýun­ça dost­lar to­pa­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki bi­rin­ji du­şu­şy­gy­ny ge­çir­mek tek­li­bi bi­len çy­kyş eder.
Türk­me­nis­ta­nyň Baş As­samb­le­ýa­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni çek­jek mö­hüm ugur­la­ry­nyň ýe­ne bi­ri eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­dir. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň we suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň me­se­le­le­ri şu ugur bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Türk­me­nis­tan eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri­ne uly üns ber­ýär hem-de bu ul­gam­da ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk et­me­giň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. Döw­le­ti­miz BMG-niň eko­lo­gik howp­suz­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bir­nä­çe Kon­wen­si­ýa­la­ry­na gat­naş­mak bi­len, te­bi­ga­ty go­ra­mak hä­si­ýet­li me­se­le­ler­de iş­jeň orun eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz BMG ta­ra­pyn­dan mö­hüm ha­sap­lan­ýan eko­lo­gik me­se­lä mun­dan beý­läk-de uly üns ber­me­gi­ni do­wam et­di­rer. Aral deň­zi­niň me­se­le­le­ri we Ha­zar deň­zi se­bi­tin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak şo­la­ryň ha­ta­ryn­da­dyr.
Türk­me­nis­tan eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­ne düýp­li çe­me­leş­me­le­rin­de BMG-niň bu ugur­da­ky köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň äh­lu­mu­my, se­bit we mil­li gu­ral­la­ry­nyň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň, ola­ryň öza­ra üs­tü­niň ýe­ti­ril­me­gi­niň mö­hüm­li­gin­den ugur al­ýar. Mer­ke­zi Azi­ýa­da eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ne stra­te­gik çe­me­leş­mä­ni ka­bul et­mek­de wa­jyp ädim hök­mün­de bi­ziň ýur­du­myz ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­zü­mi – Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek tek­li­bi bi­len çy­kyş ed­ýär.
Türk­me­nis­tan Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­sy bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry­ny iler­let­mek­dä­ki ta­gal­la­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. Ýur­du­my­zyň bu res­mi­na­ma go­şul­ma­gyn­dan ugur al­nyp hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Mil­li stra­te­gi­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da ýü­ze çyk­ýan par­nik gaz­la­ry­nyň we me­ta­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­nyň möç­be­ri­ni yzy­gi­der­li azalt­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ne gö­zeg­çi­li­gi güýç­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da 2030-njy ýy­la çen­li par­nik gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça äh­lu­mu­my Stra­te­gi­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gi­riş­mek tek­lip edil­ýär. Bu ugur­da­ky anyk ädim hök­mün­de BMG-niň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň hem-de Me­tan zy­ňyn­dy­la­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra ob­ser­wa­to­ri­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çir­mek tek­lip edil­ýär.
Ha­zar me­se­le­si bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy na­za­ra al­mak bi­len, Türk­me­nis­tan «Ha­zar eko­lo­gik baş­lan­gy­jy­ny» dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi hö­dür­le­ýär. Bu baş­lan­gyç Ha­zar deň­zi­niň daş­ky gur­şa­wy­ny, onuň bio­se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak, bir­nä­çe eko­lo­gik me­se­le­le­ri çöz­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly ugur­la­ryň giň top­lu­my bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk üçin hal­ka­ra meý­dan­ça bo­lup hyz­mat eder.
Mer­ke­zi Azi­ýa­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy üp­jün et­mek, şeý­le hem se­bi­tiň ser­het­ýa­ka der­ýa­la­ry­nyň su­wu­ny peý­da­lan­ma­gyň me­ha­nizm­le­ri­ni ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ryn­da suw se­riş­de­le­rin­den peý­da­lan­ma­gyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça baş eda­ra­sy Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýer­leş­ýän BMG-niň Se­bit ge­ňe­şi­ni dö­ret­mek baş­lan­gy­jy­na se­ret­mek tek­lip edil­ýär.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş we luk­man­çy­lyk ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­du­myz ýo­kanç ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek­de, ola­ryň dur­muş-yk­dy­sa­dy tä­sir­le­ri­ni azalt­mak­da, luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň gu­ral­la­ry­ny ýo­la goý­mak­da hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek bo­ýun­ça işi­ni do­wam et­di­rer. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan 2023-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň çäk­le­rin­de ýo­kanç ke­sel­ler bo­ýun­ça hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty, şeý­le hem 2024-nji ýy­lyň ap­re­lin­de BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bit eda­ra­sy bi­len bi­le­lik­de, «Sag­lyk–2020» sy­ýa­sa­ty­nyň düz­gün­le­ri bi­len bag­ly­lyk­da, ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy­nyň 10 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ýo­kanç däl ke­sel­ler bo­ýun­ça mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki Ýew­ro­pa mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­gi tek­lip ed­ýär.
Yn­san­per­wer ul­gam Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Türk­me­nis­tan özü­ni yn­san­per­wer­lik hu­ku­gy ul­ga­myn­da hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn we gy­şar­nyk­syz ýe­ri­ne ýe­tir­ýän döw­let hök­mün­de ta­nat­dy. Bi­ziň ýur­du­myz BMG-niň adam hu­kuk­la­ry we azat­lyk­la­ry bo­ýun­ça mö­hüm kon­wen­si­ýa­la­ry­ny hem-de beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn hal­ka­ra na­ma­la­ry gy­şar­nyk­syz ber­jaý et­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­mak bi­len, yn­san­per­wer ul­gam­da anyk iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ga iş­jeň gat­naş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär. Mu­nuň özi şu ge­zek­ki ses­si­ýa­nyň do­wa­myn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýyl Adam hu­kuk­la­ry­nyň äh­lu­mu­my Jar­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­ne 75 ýyl hem-de We­na Jar­na­ma­sy­nyň we he­re­ket­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­ne 30 ýyl dol­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan bu se­ne­ler my­na­sy­bet­li bir­nä­çe çä­re­le­ri ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da adam­la­ryň gol­da­wa mä­täç to­par­la­ry­ny: bos­gun­la­ry, mig­rant­la­ry we ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ry go­ra­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­ler. Türk­me­nis­tan ra­ýat­syz­ly­gy azalt­mak we öňü­ni al­mak bo­ýun­ça uly ösüş ga­zan­dy. 2024-nji ýyl­da ýur­du­myz bu me­se­lä ba­gyş­la­nan se­bit mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ze­nan­la­ry­nyň dia­lo­gy­nyň işi­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, türk­men ta­ra­py bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek baş­lan­gyç­la­ry bi­len çy­kyş ed­ýär. BMG-niň de­giş­li eda­ra­la­ry bi­len «Ze­nan­lar, pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk» at­ly äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­ni dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň dia­lo­gy­nyň yzy­gi­der­li esas­da­ky ge­ňeş­me­le­ri­niň me­ha­niz­mi­ni dö­ret­mek, şeý­le hem se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­lyk bi­len bag­ly­lyk­da, mag­lu­mat we tej­ri­be alyş­mak üçin meý­dan­ça­ny dö­ret­mek, bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri­dir fo­rum­la­ry ge­çir­mek tek­lip edil­ýär.
Se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da­ky köp­ta­rap­la­ýyn dia­lo­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýyl Türk­me­nis­tan­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ýaş­la­ry­nyň dia­lo­gy­nyň esas­lan­dy­ry­jy mej­li­si­ni ge­çir­mek tek­lip edil­ýär.
BMG bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Baş As­samb­le­ýa­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len tas­la­ma­la­ýyn-mak­sat­na­ma­la­ýyn işi­ni gi­ňelt­me­gi göz öňün­de tut­ýar hem-de Türk­me­nis­tan­da BMG-niň Azyk we oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň, Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň, Hal­ka­ra Zäh­met Gu­ra­ma­sy­nyň, Ilat­ly no­kat­lar bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň, şeý­le-de Tas­la­ma­la­ra hyz­mat et­mek bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň we­kil­ha­na­la­ry­ny aç­mak bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­le­ri ama­la aşy­rar.
Me­de­ni­ýet­le­riň ara­syn­da­ky dia­lo­gy iler­let­mek hem-de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da köp­dür­lü­li­gi gol­da­mak bo­ýun­ça Ka­rar­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­tan 2024-nji ýyl­da ÝU­NES­KO hem-de TÜRK­SOÝ bi­len bi­le­lik­de, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ga­bat­lap, Tür­ki dil­le­riň hal­ka­ra hep­de­li­gi­ni ge­çir­me­gi, şeý­le hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň «Bü­tin­dün­ýä tür­ki dil­le­ri­niň gü­ni» at­ly Ka­rar­na­ma­sy­ny ka­bul et­mek müm­kin­çi­li­gi­ne se­ret­me­gi tek­lip ed­ýär.
Türk­me­nis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len, äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň der­wa­ýys me­se­le­le­ri bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär we şun­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň işi­niň esa­sy­ny düz­ýän pa­ra­hat­çy­lyk we ada­lat­ly­lyk tag­lym­la­ryn­dan ugur alar.

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi.