Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne yg­rar­ly bol­mak bi­len, bu ýö­rel­gä­ni äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­me­giň gu­ral­la­ry­ny öw­ren­mek üçin hal­ka­ra yl­my we bi­lim plat­for­ma­sy­na öwür­mä­ge ça­lyş­ýar. Şol mak­sat bi­len, Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk­da Pa­ra­hat­çy­lyk we bi­ta­rap­lyk uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky stra­te­gik baş­lan­gy­jy öňe sür­di. Bu baş­lan­gyç hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni we Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li geçirilen hal­ka­ra fo­rum­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne yg­lan edil­di. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan on­lar­ça döw­let bi­len iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de esa­sy hal­ka­ra ins­ti­tut­lar bi­len yna­nyş­ma­gyň hem-de öza­ra dü­şü­niş­me­giň, hyz­mat­daş­ly­gyň gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­si­ne ýet­di. Türk­men döw­le­ti­niň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň hal­ka­ra we se­bit dur­nuk­ly­ly­gy­ny, howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge ne­ti­je­li, dö­re­di­ji­lik­li tä­si­ri aý­dyň gö­rün­ýär. Mu­nuň özi Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň art­ýan gol­da­wyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyl­lar­da Baş As­samb­le­ýa­nyň «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň ýü­ze çyk­ma­sy­dyr.
– Biz Bi­ta­rap­ly­gy sy­ýa­sy we iş ýü­zün­dä­ki plat­for­ma hök­mün­de peý­da­lan­ma­gy tek­lip ed­ýä­ris, şo­nuň esa­syn­da hä­zir­ki dö­wür­de yla­la­şy­gy, dü­şü­niş­me­gi, ýa­ra­şy­gy ga­zan­ma­gyň ýol­la­ry­ny we usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak müm­kin­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, pa­ra­hat­çy­ly­gy dö­ret­mek ul­ga­myn­da öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik se­riş­de­le­ri­ni we usul­la­ry­ny giň­den peý­da­lan­ýan Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň baý tej­ri­be­si­ne esas­la­nyp, şeý­le hem Bi­ta­rap­ly­gyň tej­ri­be hä­si­ýe­ti­ni ös­dür­mek, yl­my-bar­lag, bi­lim işi­ni ama­la aşyr­mak üçin Türk­me­nis­tan BMG bi­len hyz­mat­daş­lyk­da Pa­ra­hat­çy­lyk we bi­ta­rap­lyk uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­me­gi tek­lip ed­ýär di­ýip bel­le­mek bi­len, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz bu baş­lan­gy­jyň gol­daw tap­jak­dy­gy­na ynam bil­di­rip, ýur­du­my­zyň dost­la­ry­myz we hyz­mat­daş­la­ry­myz bi­len şu me­se­lä jik­me-jik se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di.
Aş­ga­bat­da­ky hal­ka­ra fo­ru­ma gat­na­şan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wladimir Putin Türk­me­nis­ta­nyň mun­dan 30 ýyl ozal he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýo­lu­ny saý­lap al­ma­gy­nyň Ga­raş­syz we özyg­ty­ýar­ly döw­let hök­mün­de stra­te­gik ösüş ug­ru­ny kes­git­län­di­gi­ni aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň se­bit­de we dün­ýä­de uly hor­mat­dan, ab­raý­dan peý­da­lan­ýan ýurt­du­gy­ny nyg­ta­dy.
Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­ti­ren ta­ry­hy hyz­mat­la­ry­na ün­si çe­kip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň baş­lan­gyç­la­ry bi­len Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de hal­ka­ra äh­mi­ýet­li mö­hüm tek­lip­le­ri öňe sür­ýän ýurt hök­mün­de yk­rar edi­len­di­gi­ni aýt­dy. Ol ýurdumyzyň oňyn Bi­ta­rap­ly­gy­nyň türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk me­de­ni we ru­hy däp­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di.
Ge­çen ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan öz saý­lap alan Bi­ta­rap­lyk ýo­lu­nyň dog­ru­dy­gy­ny we stra­te­gik äh­mi­ýe­ti­ni su­but et­di. Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si içer­ki sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy, jem­gy­ýet­dä­ki yla­la­şy­gy üp­jün et­di, ýur­duň yzy­gi­der­li ösü­şi üçin berk bin­ýa­dy goý­dy – di­ýip bel­län Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da alyp bar­ýan sy­ýa­sa­tynyň dur­nuk­ly ösü­şiň we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­di.
Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň türk­men hal­ky­nyň mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­lyk fi­lo­so­fi­ýa­sy­ny iş­läp düz­mek­de we wa­jyp baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de eýe­le­ýän uly or­nu­ny bel­läp, bu sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýö­rel­ge­le­riň hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ali Asa­dow BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pa­ra­hat­çy­lyk we bi­ta­rap­lyk uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Umu­man, bu hal­ka­ra fo­rum­da çy­kyş eden beý­le­ki dün­ýä li­der­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy we dost-do­gan­ly­gy ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di­ler we Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler.

Merjen AGADURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, tipografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.