Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen berkarar Watanymyzyň sport abraýy barha göterilýär.
Gahryman Arkadagymyz «Sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir» diýip belleýär. Türkmenistan Watanymyzda halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli gurulýan ençeme bedenterbiýe we saglyk binalary, zamanabap sport we saglyk toplumlary ildeşlerimiziň yzygiderli türgenleşýän ýerlerine öwrüldi. Paýtagtymyzda «Olimpiýa» şäherçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, bu owadan künjekde ýurt we halkara derejesindäki ýaryşlaryň ençemesi geçirilýär. Futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý ýaly sportuň meşhur ugurlary bilen ýaş nesillerimiz yzygiderli meşgullanýarlar, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde olar köpsanly baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde halkara derejesinde geçirilýän çempionatlaryň, sport ýaryşlarynyň ýurdy hökmünde şöhratlanýar. Ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmekde-de tutumly işler durmuşa geçirilýär. Muňa Türkmenistanda häzirki zaman talaplaryna, halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň ençemesiniň gurulmagyny, ýylyň-ýylyna türkmen bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň, halkara sergi-ýarmarkalarynyň, halkara maslahatlaryň geçirilmegini mysal görkezmek bolar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe halkara ýaryşlar, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, sebitleýin sport ýaryşlary, «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika we Kuraş boýunça Dünýä çempionatlary üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde giňden bellenilýär. Bularyň ählisi halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, parahatçylygyň we dostlugyň berkidilmegine ýardam berýär. Paýtagtymyz bu gün hem hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçirilýän ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynda türgenler, myhmanlar we janköýerler üçin zerur şertler döredildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-siniň talyplaryndan 200 meýletinçi daşary ýurtly myhmanlara döwrebap hyzmat edýär.
Eziz Diýarymyzda sportuň gyşky görnüşlerini, hususan-da, hokkeýi ösdürmäge uly üns berilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda uly depgin bilen kämilleşýän sport görnüşleriniň biri-de şaýbaly hokkeý hasaplanýar. Muňa Türkmenistanyň dürli ýaşdaky hokkeý ýygyndylarynyň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär. Türkmen türgenleriniň sportuň bu görnüşi boýunça nazary we amaly bilimlerini artdyrmak üçin «Şaýbaly hokkeýiň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw gollanmasy çapdan çykypdy. Şeýle hem hokkeý boýunça ýurdumyzda dürli ýaryşlar guralyp, türkmen toparlary hem-de ýurdumyzyň milli ýygyndysy halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda hokkeý boýunça ilkinji ýaryş geçirilipdi.
Umuman, ýurdumyzda sportda netijeli halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esaslary goýuldy. Şu babatda, 60-dan gowrak döwlet bilen ikitaraplaýyn esasda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hereketleri düzgünleşdirilýär. Bulardan başga-da, sport boýunça hyzmatdaşlyk meselesi döwlet Baştutanlarynyň saparlarynyň dowamynda kabul edilýän jarnamalarda we beýannamalarda, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hökümetara bilelikdäki toparlaryň jemleýji resminamalarynda öz mynasyp ornuny tapýar.
Jeýhun GELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.