6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň deputaty, Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň türk böleginiň başlygy H.Ipegiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda myhman ýokary myhmansöýerlik we çäreleriň guramaçylygy üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sagbolsunlaryny aýtdy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.
Myhman türkmen halkynyň gadymy taryhy, baý medeniýeti hem-de ýurdumyzyň häzirki depginli ösüşleri bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny belläp, parlamentara gatnaşyklaryň geljekde has-da giňeldilmegini goldaýandyklaryny nygtady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň wekillerini 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Taraplar geljekde hem döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetli boljakdygyny bellediler.