Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasatynyň netijesinde halkara gatnaşyklary ösdürmäge, sebitde we dünýäde parahatçylygy goldamaga uly ähmiýet berilýär. Ata Watanymyz sebitde parahatçylygy goldaýan döwlet hökmünde tanalyp, Diýarymyz iri göwrümli halkara maslahatlaryň, forumlaryň, çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şu ýylyň 4 – 8-nji awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik we açyk hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatynyň miwesidir.
Bu möhüm çäre Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guralyp, BMG-niň degişli edaralarynyň wekilleri, halkara maliýe guramalary, sebit we ählumumy hyzmatdaşlyk guramalary, şeýle hem Deňze çykalgasy bolmadyk 30 töweregi döwletiň wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistan özüniň geografik ýagdaýyny nazara alyp, sebitleýin hem-de yklymara ulag geçelgelerini döretmekde, şol sanda “Lapis-Lazuli”, “Demirgazyk–Günorta”, “Transhazar” ýaly iri logistiki taslamalarda işjeň çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, forumyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag, söwda we logistika mümkinçiliklerini giňeltmek, sebitara we halkara bazarlara elýeterliligi ýokarlandyrmak bilen, olaryň ykdysady ösüşine itergi bermekdir. Bu foruma gatnaşjak döwletler özara tejribe alşyp, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekde, şeýle-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda täze gatnaşyklary gazanarlar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň gün tertibi plenar mejlisleri, bäş sany ýokary derejedäki tematik “tegelek stollary” we ýokary derejedäki forumlary öz içine alar. Olaryň hatarynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament forumy, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň we ýaşlar forumlary, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, şeýle hem arabaglanyşyk boýunça çäreler guralar. Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň guralmagy aýratyn möhüm wakadyr.
Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň öňündäki esasy kynçylyklaryň ýeňlip geçilmegi diňe bir olara däl, eýsem, bütin dünýä ykdysadyýetine hem oňyn täsir eder. Bu babatda Türkmenistan öz üstüne düşýän borçlary gyşarnyksyz ýerine ýetirmek bilen, ähli gatnaşyjy ýurtlara hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny görkezip, halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýene bir ýola ähmiýetli orna eýe bolar.
Güljahan Medjanowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.