Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistan – ÝB işewürler maslahaty geçirilýär. «Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler» atly maslahata maliýe, energetika we beýleki ugurlarda iş alyp barýan halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda akkreditirlenen halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, telekeçiler, bilermenler hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzyň telekeçileriniň öndüren dünýä ülňülerine laýyk gelýän harytlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda söwda we maýa goýumlary ösdürmek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek, özara baglanyşygy berkitmek, işewürlik aragatnaşygyny ýola goýmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçiş, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we metan zyňyndylaryny azaltmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmek forumyň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.

Mejlislerde Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň, maýa goýumlaryny çekmegiň hem-de söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berlip, Türkmenistanyň işewürlik we maýa goýumlar boýunça kadalaşdyryjy-hukuk binýady, ýurduň halkara ykdysady integrasiýasyndaky ösüşi hem-de hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny, şol sanda kiçi we orta kärhanalary hem-de telekeçiligi ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy we institusional döwrebaplaşdyrma boýunça degişli çäreleri, şol sanda türkmen kiçi we orta kärhanalarynyň Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryna çykmagy üçin mümkinçilikler baradaky meseleler beýan edildi. Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda söwda hem-de maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmekdäki orny aýratyn bellenildi. Türkmen we ýewropa kompaniýalarynyň wekilleri iki bazarda iş alyp barmak boýunça amaly tejribelerini paýlaşdylar.
Ilkinji gezek geçirilen forumda ulag ulgamyna hem aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda özara baglanyşygy ösdürmekde möhüm hyzmatdaş hökmünde tutýan orny, şeýle hem onuň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ulag, söwda we ykdysady gatnaşyklary berkitmäge goşýan goşandy ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma gatnaşyjylar «Global Gateway» başlangyjynyň infrastruktura we ulgamlaýyn baglanyşyk meseleleriniň ösdürilmegine nähili goşant goşup biljekdigini, şol sanda institusional binýady berkitmek, gümrük we söwda amallaryny sanlylaşdyrmak hem-de elektron söwda platformalaryny ösdürmek arkaly serhetüsti amallaryň has netijeli we öňünden çaklamak mümkinçiligini üpjün etmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdyldy.

Forumda «Ýaşyl» energetika hem ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.
Maslahata oba hojalygy, azyk, ulag-logistika, energiýa we beýleki ugurlarda iş alyp barýan türkmen telekeçileri gatnaşdy. Telekeçiler üçin özara hem-de döwlet edaralary bilen hususy pudagyň arasynda duşuşyklary geçirmäge mümkinçilik beren forum ýurdumyzda ýerli önümçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegine, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam eder.
PDF









