Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara we sebit guramalar bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde oňyn işler durmuşa geçirilýär. Bu guramalaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda dürli halkara forumlar we maslahatlar geçirilýär. Şeýle möhüm çäreleriň biri «akylly» şäher konsepsiýasynyň çäklerinde gurlan Arkadag şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy boldy. Bu forumyň baş maksady durnukly ösüşi gazanmak maksady bilen, söwda, maýa goýumlar, «ýaşyl» ykdysadyýet, innowasiýalar, sanlylaşdyrmak, energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy we ulag pudaklarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi häzirki wagtda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy strategiýasy bolup çykyş edýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlary boýunça hyzmatdaşlyk etmekde oňyn syýasaty alyp barýar, halkara gatnaşyklary giňeltmekde netijeli çäreleri görýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitleýin hökümetara ykdysady gurama bolup, 1985-nji ýylda döredildi. Eýran Yslam Respublikasy, Pakistan hem-de Türkiýe Respublikasy guramany esaslandyryjy döwletlerdir. 1992-nji ýylda bu gurama alyp barýan hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirdi. Onuň düzümine Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan girdi.
Agza döwletleriň arasynda ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygyny ilerletmek, sebitiň dünýä söwdasyndaky ornuny artdyrmak, agza döwletleriň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli utgaşygyny üpjün etmek, sebitiň ýurtlaryny biri-biri hem-de daşarky dünýä bilen baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, sebitiň agrar we senagat mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak guramanyň işiniň esasy ugurlary bolmagynda galýar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň YHG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini, oňa esasan hem, ykdysady we durmuş ulgamlarynda sebitleýin taslamalary ilerletmek bilen meşgullanýan iri halkara guramasy hökmünde garaýandygyny we döwletimiziň öz üstüne alan ähli borçnamalaryna we möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça öň gazanylan ylalaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sebit boýunça ähli goňşulary bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeň ösdürer.
Bitarap döwlet we dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalar bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmak üçin açyk ýurtlaryň biridir. Türkmenistanda Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hususan-da, gürrüň Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman, şeýle hem Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ulag geçelgelerini döretmek barada giň tagallalar edýär.
Sona ISLAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.