Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň taslamasynyň işlenip düzülendigini habar berdi. Resminama ýurdumyzyň resmi metbugatynda çap edildi.
Bu kanun hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty üçin kanuny esaslaryny, şeýle hem ony halkara gatnaşyklarda durmuşa geçirmegiň ýörelgelerini kesgitledi.
Bu ýörelgeler bitaraplygy, deňligi, hoşniýetli goňşuçylygy, güýç ulanmazlygy ýa-da güýç ulanmak babatynda howp salmagy, harby toparlara we bileleşiklere gatnaşmazlygy, başga ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlygy, şeýle hem döwletleriň deňhukuklylygyna we özygtyýarlylygyna hormat goýmagy öz içine alýar.
Bu syýasat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we BMG-niň ynanyşma we aç-açanlyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek, birek-birege ynamy güýçlendirmek, sebit we dünýä möçberinde howpsuzlygy güýçlendirmek we Türkmenistanyň durnukly ösüşi üçin amatly daşarky şertleri döretmek ýaly ýörelgelerine, gymmatlyklaryna hem maksatlaryna laýyklykda, öňüni alyş diplomatiýasynyň berýän mümkinçiliklerinden peýdalanmak maksadyna gulluk edýär.