Aziýa Ösüş Banky (AÖB) döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň (DÖP) strategik binýadyny kemala getirmekde Türkmenistana işjeň goldaw bermegi meýilleşdirýär. Bu barada AÖB-niň hususy pudagy ösdürmek boýunça uly hünärmeni Dmitriý Kabrelýan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumda eden çykyşynda belledi.

Kabrelýan bu mehanizmiň mümkinçiliklerini doly açmak üçin anyk “ýol kartasynyň” döredilmeginiň we çemeleşmeleriň standartlaşdyrylmagynyň esasy şertdigini belledi. Şeýle ulgamlaýyn çemeleşme diňe bir töwekgelçilikleri azaltman, eýsem, milli taslamalary maýadarlar üçin has aýdyň we özüne çekiji eder.
AÖB we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) tarapyndan guralan bilelikdäki tegelek stol bu ugurda möhüm ädim boldy. Onda bilermenler halkara standartlaryny Türkmenistanyň ykdysady nusgasyna ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar geljegi has uly bolan nusgawy taslamalary saýlap almagyň zerurlygyna ünsi çekdiler. Hünärmenleriň pikiriçe, DÖP ulgamyndaky ilkinji başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hakyky mümkinçiliklerini we maýa goýum taýýarlygyny görkezýän “tanyşdyryş kartasyna” öwrülmelidir.
Nusgawy maksatnamalaryň ornaşdyrylmagy döwlet bilen hususy telekeçiligiň özara täsirini iş ýüzünde kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. AÖB diňe bir maliýe edarasy bolman, eýsem, dünýäniň iň gowy tejribesini ýerli şertlere uýgunlaşdyrmaga kömek edýän strategik hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Bu bolsa hususy maýany netijeli ulanmak arkaly ýurduň infrastrukturasynyň hil taýdan täzelenmegi we uzak möhletleýin ösüş üçin binýat döreder.
PDF









