15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Lusiano Nkogo Ndong Aýekaba Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle-de ilçä Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler hakynda gürrüň berildi.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, netijeli halkara başlangyçlary durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly we gadyrly dostum!
Ekwatorial Gwineýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, men jenap Lusiano Nkogo Ndong Aýekabany Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri Siziň hormatyňyza mynasyp boljakdygyna ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Sizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Obiang Ngema MBASOGO,
Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Prezidenti.
PDF









