Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çäräniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolar. Bu ýerde arap kalligrafiýasynyň we Liwiýanyň milli lybaslarynyň, kitaplaryň hem-de milli tagamlaryň sergisini guramak, «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Medeniýet günleriniň çäklerinde myhmanlaryň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Şekillendiriş sungaty muzeýine hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar. Bu barada 18-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürledi.