Şu gün 4-nji iýunda “Türkmenistanda ýaşyl energetikasyna geçmek üçin syýasaty we milli mümkinçilikleri işläp taýýarlamagy goldamak” atly tegelek stol geçirildi. Ol ýurduň durnukly energetika geljegi barada özara pikir alyşmak üçin esasy gyzyklanýan taraplary bir ýere jemledi. Tegelek stol “Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri” atly Halkara ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirilen çäräni BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko alyp bardy.
Tegelek stol hökümet wekilleri, halkara hyzmatdaşlar, akademik işgärler we ýaş Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ilçileri bilen açyk dialog üçin meýdança bolup hyzmat etdi. Çärede ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary, syýasy özgertmeler we durnukly, ýaşyl energetika ulgamyna geçmekde zerur anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dmitriý Şlapaçenko öz çykyşynda ýaşyl energetika geçmegiň diňe bir howa şertleriniň üýtgemegine garşy göreşmek üçin däl, eýsem ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak, jemgyýetiň saglygyny gowulandyrmak we täze iş orunlaryny döretmek üçin hem mümkinçilikdigini nygtady. “Bu has arassa, inklýuziw we durnukly geljege maýa goýumdyr,” — diýip, ol aýtdy. Şunlukda BMG-niň Türkmenistanyň klimata degişli tagallalaryny doly goldaýandygyny tassyklady.
Şeýle hem, BMG-niň ýurt boýunça toparynyň DÖM-iň Bilelikdäki Gaznasynyň başlangyç serişdelerinden 250 müň ABŞ dollary möçberinde maliýeleşdirmäni mobilizirländigini belläp, bu serişdeleriň Türkmenistanyň ýaşyl energetika geçmegi boýunça BMG-niň Bilelikdäki Maksatnamasyna gönükdirilendigini aýtdy.
Çärede DÖM-iň ýaş ilçileriniň işjeň gatnaşmagy ýaşlaryň çemeleşmesini aýratyn beýan etdi. Olar ýaşlaryň durnukly gelejek üçin hereketlendiriji güýç hökmünde ähmiýetini nygtap. inklýuziw klimat syýasatlaryna, innowasiýa üçin giň mümkinçiliklere we raýatlaryň gatnaşygynyň güýçlendirilmegine çagyryş etdiler.
Tegelek stol, Türkmenistanyň ýaşyl energetika geçmegini çaltlandyrmak üçin ýurt içindäki we halkara hyzmatdaşlygy arkaly bilelikdäki hereketlere, esasly syýasatlara we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlylygyň görkezmesi bilen tamamlandy.