7-nji noýabrda Jakarta şäherinde, Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentiniň köşgünde (Merdeka Palace) Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur ş.) M.Maşalowyň Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy.
Dabaranyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi.
Prezident Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanmasynyň bardygy bellenildi.
Pursatdan peýdalanyp, Ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrýandygy baradaky maglumaty ýetirdi.
Ynanç hatyny gowşuryş dabarasyndan soňra Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Sugiononyň bu ýurda täze bellenen Ilçileri bilen çaý başyndaky duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Indoneziýanyň ministri Ilçiniň diplomatik işini durmuşa geçirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda, taraplar Türkmenistan bilen Indoneziýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.
PDF









