Şu gün – 9-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýa Respublikasynyň daşary işler ministri Mihael Linhartyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň giňeldilen düzümdäki çäräsine daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň hem wekilleri hem çagyryldy. Geçirilen gepleşiklerde taraplar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Awstriýa Respublikasynyň daşary işler ministri Mihael Linhart Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini belläp, umuman Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary, hususan-da Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarow Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri barada aýdyp, ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada maglumat berdi.
Şeýle hem “TAPI Pipeline Company Ltd” konsorsiumynyň ýolbaşçysy M.Amanow ýurdumyzyň nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi.
Awstriýanyň we daşary işler ministri Mihael Linhart Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolýar. Ol öz saparynň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynda, Täjigistanda, Özbegistanda saparda boldy. Awstriýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Gyrgyz Respublikasynda Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa birinji ykdysady forumyna gatnaşdy we ýurduň ýolbaşçy düzümi bilen gepleşikler geçirdi.
Mihael Linhart şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aleksandr Şallenbergiň ýolbaşçylygynda düzülen hökümetiň agzasy hökmünde daşary işler ministri wezipesine bellenipdi.