24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň «Inspur Software» kompaniýasynyň baş direktory Žao Şaoksiangyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak ugrunda häzirki döwürde tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýan işlerde hytaý kompaniýasynyň hödürleýän hyzmatlaryny ulanmak bilen bagly birnäçe anyk teklipler maslahatlaşyldy.
Ministr öz çykyşynda Döwletimiz tarapyndan bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen uly möçberdäki maliýe serişdeleriniň gönükdirilýändigini, häzirkizaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bilim edaralarynyň gurulýandygyny buýsanç bilen belläp geçdi. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň hilini tapgyrlaýyn esasda ösdürmek boýunça birnäçe maksatnamalaryň, şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilendigini we bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada giňişleýin habar berdi.
Ministr ýurdumyzda bilimiň sanlylaşdyrylmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garalýandygyny belläp, hytaý kompaniýasynyň ýolbaşçysyna geljekde bilelikde hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini öwrenmek maksatly, birnäçe anyk teklipleri hödürledi.
Žao Şaoksiang öz nobatynda «Inspur Software» kompaniýasynyň hödürleýän hyzmatlary we bilimiň sanlylaşdyrylmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň geçen ýoly barada tanyşdyrdy. Hususanda, 30 ýyllyk geçiş döwründe bu ýoluň üç tapgyrdan ybarat bolandygyny, häzirki wagtda hem 3-nji tapgyrynyň dowam edýändigini we bu babatda öz gazanan tejribeleri bilen paýlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Hytaý kompaniýasynyň ýolbaşçysy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny we hödürlenen teklipler esasynda bilelikde işleri durmuşa geçirmäge mümkinçiligiň bardygyny aýan etdi.