22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlar boýunça alyp barýan köpýyllyk we netijeli strategik hyzmatdaşlyk tejribesini bellediler.
Söhbetdeşler 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgustynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) üstünlikli geçirilmeginiň Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky işjeň ornunyň hem-de ählumumy wezipeleri çözmekde ähmiýetli goşandynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar.
Taraplar LLDC3-iň esasy jemleýji resminamalarynyň – Awaza syýasy Jarnamasynyň we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amalyýetde durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy bu ugurlarda bilelikdäki işiň ähmiýetini belläp, olary durmuşa geçirmek boýunça garaýyşlary we ileri tutulýan çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirdi.
Mundan başga-da, türkmen tarapy LLDC3-iň çäklerinde işlenip taýýarlanylan çözgütleri we başlangyçlary ilerletmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň maýdançasyndan işjeň peýdalanmaga, şol sanda durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek arkaly ulanmaga taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ynanyşmagy berkitmäge, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we durnukly ösüşiň ählumumy gün tertibini ilerletmäge ýardam bermek arkaly BMG-niň ulgamyndaky bilelikdäki işleri giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.