23-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen, Türkmenistanyň we Zimbabweniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin wekiliýetiň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen, Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-zimbabwe gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini bellediler hem-de syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän geňeşmeleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň netijeli mehanizmi hökmünde ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlara özara goldaw berýändiklerini tassykladylar.
Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, şol sanda bilelikdäki işewürlik çärelerini guramak meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň arasynda dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.