20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýörite wekili Ju Hýon Bekiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda we giňeldilmeginde ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.
«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Sammitine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli alyp barýan işlerini bellemek bilen, taraplar dürli ugurlarda alnyp barylýan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem diplomatlar Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.