Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny, şeýle hem esgerleri we önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde we 10-njy maýynda sagat 15:00-da “AÇYK GAPYLAR” gününe çagyrýar.
“Açyk gapylar” günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler, şeýle hem institutda taýýarlanylýan hünärler we taýýarlyk ugurlar barada giňişleýin maglumatlar berler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty baradaky maglumatlar bilen www.tdei.edu.tm web saýtynda tanşyp bilersiňiz.
Institutyň salgysy: Mary şäheri, Baýramhan köçesiniň 62-nji jaýy.
Telefonlar: 800522-5-75-10; 800522-5-75-17.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty.