30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Stiwen Konlon bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi we köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtaldy. Taraplar türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki döwletiň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň orny barada nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Çeşme: migration.gov.tm