24-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar kanagatlanma bilen bellenilip, migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň netijesinde bilelikde amala aşyrylýan çäreler we giň mümkinçilikler barada nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Çeşme: migration.gov.tm
PDF









