27-nji sentýabrda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Asylly däbe görä, baş baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde Milli goşunymyzyň harby gullukçylary hatara düzüldiler. Olaryň arasynda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary, harby okuwçylar hem bar.
Sagat — 10:00. Dabaraly pursat ýetip geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münberiň syn ediş ýerine barýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde harby sazlar ýaňlanýar. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen badalga alýar. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň abadan, parahat durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran merdana harby gullukçylaryň ýokary hünär ussatlygy, ukyp-başarnyklary görkezilýär.
Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat bermegini haýyş edýär. Döwlet Baştutanymyz dabara başlamaga rugsat berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, işgärleriň hünär kämilligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da merdana harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda gulluk edip, Harby doktrinada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Olar Watanymyzy goramak boýunça öz borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolup gulluk edýärler. Mukaddes serhetlerimizde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler.
Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty kabul edip, awtoulagda goşun bölümleriniň öňünden geçip, dabaraly harby ýörişiň düzüm bölümleriniň esgerlerini mübärekleýär.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyrylýar. Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy, şöhratly geçmişimizi, ösüşlere beslenýän döwrümizi hem-de beýik geljegimizi alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Mukaddes tugumyz türkmen döwletliliginiň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewüliginiň, jebisliginiň, parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolup parlaýar.
Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary ata-babalarymyzyň watançylyk däplerini mynasyp dowam etdirip, mukaddes borja wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden ynamly gadamlar bilen geçýärler.
Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçýärler.
Soňra münberiň öňünden zenan harby gullukçylar batly gadam urup geçdiler. Olaryň yzysüre Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony — harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Şolaryň hatarynda Milli goşunyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Harby-deňiz institutynyň talyplary-da meýdançadan nyzamly ädimler bilen geçýärler. Olardan soňra Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň talyplary münberiň öňünden sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Motoatyjylar batalýonynyň esgerleri-de ajaýyp taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary dabaraly harby ýörişi dowam etdirýärler. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, deňiz-pyýada batalýony hem şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşdy.
Dabaraly harby ýöriş Türkmenistanyň Goranmak, Içeri işler we Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly batalýonlarynyň hatary bilen dowam edýär.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, söweşjeň taýýarlygyny görkezýär. Döwlet münberiniň meýdançasynda gurnalan ýörite ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişine tomaşa etdiler.
Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan, iň kämil ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han» korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Bu kuwwatly gämi deňziň üstündäki we astyndaky, howadaky hem-de gury ýerdäki nyşanalary ýok etmäge ukyplydyr. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär.
Soňra gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär. Meýdançadan dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçip başlaýar. Dabaraly harby ýörişiň öňüni «INKAS TITAN-DS APS» kysymly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň ýöriş hatary bilen «DAGOR» kysymly harby awtoulaglarda Watan goragçylary öz wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary bilen geçýärler. Harby tehnikalaryň gözden geçirilişi «Land Rover» kysymly harby maksatly ýeňil awtoulaglar, «NIMR», «Al SHIBL2» kysymly sowutlanan awtoulaglar, «KIA KLTV-181» kysymly sowutlanan, köpmaksatly söweşjeň harby awtoulaglar bilen dowam edýär. «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar bu awtoulaglar bilen sazlaşykly hereket edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler. Onuň yzy bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümleriň «INKAS TITAN-DS APS» we «ВМС KIRPI MRAP» kysymly sowutlanan harby awtoulaglary dabara meýdançasyndan geçýär. Bu awtoulaglar pulemýotlary, göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny özünde jemleýär.
Ikinji mehanizirlenen kerweniň öňüni «Tayfun» kysymly köpmaksatly sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «T-90S» tanklary, “BMP-3” kysymly pyýada goşunyň sowutlanan tehnikalary geçýär. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlary öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilip, yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň mysaly hökmünde bu goşun bölümlerinde ulanylýan artilleriýa goşunlarynyň «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalaryny görkezmek bolar. Şol tehnikalar hem dabaraly harby ýörişde münberiň öňünden geçýär.
Meýdança üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «Al SHIBL2» kysymly ýeňil sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «MERCEDES-BENZ ATEGO» kysymly awtoulagda «Baýraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, «MAN TGM» kysymly awtoulagda «Falko» kysymly uçarmansyz uçýan enjam Döwlet münberiniň öňünden geçýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly harby ýörişe «SKY STRIKER» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, «ORBITER — 2B» we «СW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar hem gatnaşýar. Olar uly aralyklara taktiki nokatlaýyn urgulary geçirmek üçin niýetlenendir.
Soňra meýdançadan «MAN» kysymly awtoulagyň binýadyna ýörite dolandyryş ulgamy ornaşdyrylan Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna degişli awtoulag geçýär. Ol meýdan şertlerinde migrasiýa işini ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem dabara gatnaşyjylara ýurdumyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün edýän «KS-1A», «FD-2000», «FM-90» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlary görkezilýär.
Dabaraly harby ýörişde dördünji mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby awtoulaglary geçip başlaýar. Soňra meýdançadan Döwlet serhet gullugynyň “KIA KLTV 141” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglary hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki zaman motoulaglary geçýär. Münberiň öňünden üstünde merdana serhetçiler, olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary oturan “Toyota Hilux” awtoulaglary geçýär. Olaryň yzy bilen «KIA KLTV 141», «Cobra» kysymly köpmaksatly, sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýar. Dabaraly harby ýörişden Serhet goşunlarynyň «Mantra» kysymly awtoulagynda 120 mm kalibrli minomýotlar, «ВМС KIRPI MRAP» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar geçýär. Ýörişi “IVECO” awtoulaglary dowam edýär. Olaryň binýadynda pesden uçýan howa nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary, «Simbat» raketa uçurma ulgamy, “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilendir.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary «HONDA» kysymly motoulaglarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň hormatyna «34» ýazgyny emele getirip geçýärler. Dabaraly harby ýörişiň bäşinji mehanizirlenen kerweniniň öňüni Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzümindäki «IVECO M65» kysymly söweşjeň awtoulag çekýär. Kerweni «Storm-Rider», «LAZAR III» kysymly häzirki zaman sowutlanan söweşjeň awtoulaglar dowam edýär. Altynjy mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň ýöriteleşdirilen tehnikalary geçip başlaýar. Kerweniň öňüni «INKAS TITAN-DS APS» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «FORD HENNESSEY» awtoulaglary geçýär. Soňra meýdançada Içeri işler ministrliginiň «FORD ATLAS 150», «Toyota Tundra», «GMS Sierra», «PMV-SURVIVOR II», «INKAS TITAN-DS APS» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglar peýda bolýar. Bu döwrebap awtoulaglar ýurdumyzyň asudalygynyň hem-de abadançylygynyň, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş howa giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter-145», Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Soňra asmandan Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-109», «Agusta-139» kysymly häzirki zaman dikuçarlary uçup geçýär.
Baýramçylyk harby gözden geçirilişine «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem gatnaşýar. Bu ýeňil zabt ediji söweşjeň uçarlar Harby-howa güýçleri üçin uçarmanlary taýýarlamak, daglyk we çöllük ýerlerde ýeňil sowutlanan tehnikalary hatardan çykarmak, serhet ýakalarynda howadan gözegçilik we aňtaw işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenendir. Olaryň yzy bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň «Su-25», «Mig 29» kysymly söweşjeň uçarlary geçýär. Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär derejelerini görkezýärler.
Şu gün görkezilen kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda islendik howa şertlerinde, dürli belentliklerde, guryýer ýa-da deňiz çäklerinde, daglyk ýerlerde uçmaga ukyply «M-346» kysymly uçarlar-da bar. Harby-howa güýçleriniň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu tehnikalar howa giňişliklerini goramaga, aňtaw işlerini alyp barmaga, guryýer goşunlarynyň söweşjeň hereketlerini goldamaga niýetlenendir. «С-27J SPARTAN» kysymly harby-ulag uçary, «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlar howa giňişligindäki harby ýörişi jemleýär.
Soňra Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary düzülýärler. Her ýylda geçirilýän dabaraly harby ýörişde bu batalýonyň şahsy düzümi ýokary nyzam emelleri bilen ajaýyp şekilleri döredýärler. Olar şu ýyl hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe baýramçylyk sowgady bilen geldiler. Meýdançada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň şekilleri emele getirilýär. Soňra meýdançada dabaraly harby ýörişiň ýöriş sazlaryny ýerine ýetiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestri peýda bolýar. Olaryň ýerine ýetirýän sazlarydyr mukamlary Milli goşunymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Ýurdumyzyň şanly baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan Birleşen harby orkestriň joşgunly çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusyna döredilen aýdym dabaraly harby ýörişiň jemlenmesine öwrüldi.
Soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabara dowam etdi. Ol döwrebap telekommunikasiýa serişdeleri we aragatnaşyk ulgamlary arkaly göni ýaýlymda köpçülige ýetirildi.
Bu ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardylar. Şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligine gözellik goşýar. 2022-nji ýylda doglan Zaman atly akýal mele reňkli bu ajaýyp bedew Gurthatar we Yşgyn diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen Gelşikliniň ugruna degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi.
Soňra ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de BMG-niň baýdagy buýsançly parlaýan türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlandy. Soňra meýdançadan diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da uly şöhrata eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary geçýär. Çapyksuwarlaryň at üstünde ussatlarça ýerine ýetiren tilsimleri, çylşyrymly akrobatik hereketleri tomaşaçylary ýene bir ýola haýran galdyrdy.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri dowam edýärler. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag platformasy geçýär.
Soňra kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag platformasy meýdança çykdy. Soňra Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen awtoulag platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçýär. Şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde ak mermerli paýtagtymyzyň dünýädäki at-abraýy barha artýar. Soňra dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä belli taryhy binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän binalaryň şekilleri görkezilýär. Welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy şöhlelenýär.
Hormatly Prezidentimizi hem-de dabaranyň köp sanly myhmanlaryny awtoulag platformalarynda barýan ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler. Joşgunly aýdym-sazlar, asmana uçurylan köpöwüşginli şarlar adamlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýär.
Döwlet münberiniň öňündäki meýdançadan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly türgenler geçýärler. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar.
Soňra Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler.
Baýramçylyk ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler.
Soňra baýramçylyk meýdançasyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işgärleri dabaraly ýagdaýda geçýärler. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň platformasynda-da ýetilen sepgitler görkezilýär.
Soňra dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi. Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň awtoulag platformasynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän dürli önümler şöhlelendirilýär.
Meýdança Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykýar.
Soňra baýramçylyk meýdançasyndan ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli edara-kärhanalaryň işgärleri we bezelen awtoulag platformalary geçýärler.
Soňra Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň işgärleri we awtoulag platformalary geçýär.
Soňra meýdançadan maliýe we ykdysadyýet toplumyna wekilçilik edýän awtoulag platformalary geçdi.
Oba hojalyk we azyk senagaty ulgamyna degişli pudaklaýyn düzümleriň baýramçylyk äheňinde bezelen awtoulaglary we işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler.
Dabara medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi. Diýarymyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň, ýaşajyk artistleriň çykyşlary Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Olar çykyşlarynda Watanymyzy, agzybir türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp etdiler.
Dabaranyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi bilen gutlady we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Paýtagtymyzda badalga alan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam edip, ildeşlerimiziň kalbyny baýramçylyk şatlygy hem-de buýsanç duýgulary bilen doldurdy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralar agşam “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler, folklor-tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Baýramçylyk feýerwerki Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaralaryň özboluşly jemlenmesine öwrülip, Aşgabadyň gijeki asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.