Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlaýar. Üç gün dowam edýän sergä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, türkmen işewürleri we telekeçiler, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşýar.
Hormatly Prezidentimiz sergä gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Gutlagda: “Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, biz ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär” diýlip bellenilýär.
Sergi-ýarmarkanyň iş wagty:
18-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
19-njy sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
20-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.