1-nji aprelde ir bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinden dikuçarda Balkanabat şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary, onda ulanylýan serişdeleriň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen gyzyklandy. Uçuş-gonuş zolagy şu talaplara, bu ugra degişli ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede gurlupdyr. Gahryman Arkadagymyz ulag-kommunikasiýa pudagynyň dünýä ykdysadyýetiniň we söwda dolanyşygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, täze howa menziliniň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynda we ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek bilen bagly wezipeleri çözmekde aýratyn orun eýelejekdigini aýtdy. Şol pursatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy. Munuň özi özboluşly synag gonuşy bolmak bilen, menziliň uçuş-gonuş zolaklarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
Milli Liderimiz täze howa menziliniň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň ýerleşiş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Desgalaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagy onuň ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda ýurdumyzyň içerki howa gatnawlarynyň yzygiderli artýandygyny belläp, täze howa menziliniň “Mollagara” şypahanasyna dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelýän watandaşlarymyz üçin ýokary derejeli amatlyklary üpjün etjekdigine ünsi çekdi. Halkara howa menziliniň Jebel şäherçesinde ýerleşmegi bu ýere geljek adamlaryň howa menzilinden seleňläp görünýän şypahana wagt ýitirmän baryp bilmekleri üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy howa menziliniň çäginde bar bolan binalar toplumlary, olaryň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklary, mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz täze gurulýan howa menziliniň desgalary we olaryň enjamlaşdyrylyşy boýunça taýýarlanylan şekil taslamalary bilen tanyşdy.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow täze howa menziliniň gurluşygyny, degişli binalaryň aýratynlyklaryny öz içine alýan taslamalar barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde uçuş-gonuş zolagyndan başga-da, birikdiriji öwrüm ýollary, uçar duralgalarynyň meýdançalary, ýolagçy terminallary, dolandyryş diňi, howa menziliniň barlag-geçiriş bölümleri, halas ediş we ýangyna garşy göreş binalary, tehniki desgalar, suw rezerwuarlary, yşyklandyryş, habar beriş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge niýetlenen desga, radiotehniki ulgamlaryň bekedi, ýük meýdançasy we terminaly ýaly birnäçe ugurdaş desgalar hereket eder.
Milli Liderimiz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny nygtap, onuň ýokary hilli bolmagynyň we gurluşyklaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Şunda binalary enjamlaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak meselelerine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygynyň depginini has-da ýokarlandyrmak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak, täze toplumda hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürlemek boýunça kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza tarap ugrady. Biraz wagtdan Milli Liderimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandy.