11-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi, şeýle-de BMG-niň Baş sekretaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hanym Tatýana Walowaýa Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşýan goşandyny belläp, BMG-niň wekili hökmünde bu halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýändigini aýdyp, ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda başlangyçly orny eýeleýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň BMG-niň işine, onuň sebitde syýasy-diplomatik dialogy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça tagallalaryna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.