Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda guramaçylyk döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz howa menzili bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde ýerleşýän söwda nokatlarynda hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini, myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklaryň taýýarlanylmalydygyny belläp, öz maslahatlaryny berdi. Howa menziliniň söwda nokatlarynda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Ekologiýa taýdan arassa, ýokary hil görkezijilerine eýe bolan bu önümlere diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär.
Milli Liderimiz howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalyna geldi we pasportlary resmileşdirmek nokadyndan geçdi. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gümrük geçiş nokadyndan geçdi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň gümrük nokatlarynda ygtybarly gümrük gözegçiligini amala aşyrmak we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gowşan täze tehnikalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Hojalyk ugrunda ulanyljak döwrebap tehnikalar ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha berkidilýändigini görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri tehnikalary synlap, olaryň ulanylyşyna, abatlygyna aýratyn ünsi çekdi we bu ugurda öz maslahatlaryny berdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle tehnikalar ýurdumyzyň ulag ulgamyna yzygiderli gelip gowuşýar. Olaryň halkymyza ýokary hilli hyzmatlary etmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek.
Hormatly Arkadagymyz ýokary tizlikli sport awtoulagynda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň tekizligini, uçarlaryň uçmagy we gonmagy üçin amatlylyk ýagdaýyny hem synagdan geçirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagyny örän ýokary tizlikde dolandyrmak bilen, uçuş-gonuş zolagynyň meýdançasyndan geçdi we ýoluň tekizligini, abatlygyny, hilini gözden geçirdi. Kuwwatlylyk güýji depginli bolan sport awtoulagynyň badyny barha ýokarlandyryp, Gahryman Arkadagymyz uçuş-gonuş zolagynyň başlangyç menzilinden ahyrky menziline tiz wagtda bardy.
Milli Liderimiz sport awtoulagynyň tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini ýerine ýetirdi. Ýokary tizlikde barýan sport awtoulagy sürüjiden erjelligi, ugurtapyjylygy, sowukganlylygy, tiz çözgüt kabul etmegi, umuman, ähli babatda taýýarlygy talap edýär. Bu ugurda ussat Arkadagymyzyň göreldesi ýaşlar, esasan-da, awtoulag sporty bilen meşgullanýan türgenler üçin özboluşly mekdepdir.
Gahryman Arkadagymyz ýolugra howa menziline barýan ýoluň özboluşly aýratynlyklaryny synlady. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dabaraly medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi hem-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän bu ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde bu ýerde abadanlaşdyryş we enjamlaşdyryş işleri ýokary depginde dowam edýär. Dürli medeni çäreleriň, aýratyn-da, konsertleriň şowhunly geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. LED ekranlar, köpöwüşginli interaktiw suw çüwdürimleri medeni çäreleriň guralýan pursatlarynda bir bitewi sazlaşygy emele getirip, olaryň şowhunyny has-da artdyrar. “Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Parahatçylyga, dost-doganlyga söýgi döretmekde medeniýete we sungata aýratyn orun degişlidir. Sungatyň güýji ynsan kalbynda hoşniýetli arzuwlary kemala getirýär, adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işlere ylmy taýdan çemeleşilmelidigini hem-de türkmen halkynyň “Ýedi ölçäp, bir kes” diýlen pähiminden ugur alynmalydygyny belledi we öz maslahatlaryny berdi. Geçiriljek dabaralar foruma gatnaşmaga gelen myhmanlara ýatda galyjy pursatlary bagyşlamalydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň, hususan-da, awtoduralgalaryň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz milli tagamlaryň sergisine gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Dabaraly çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, olary dünýä ýaýmaga, giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Halkara forumyň dowamynda guraljak konsertler we ýerine ýetiriljek joşgunly çykyşlar hem parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň waspnamasy bolar.
Gahryman Arkadagymyz jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.