17-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen HHR-e ugrady.
Gahryman Arkadagymyz Hytaýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesiniň bilim almagy bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň awgustynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Sun Sinlin adyndaky gaznanyň hem-de dostlukly ýurduň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigini, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky Ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine barlyp görlendigini aýtdy. “Bu sapar ýurtlarymyzyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we çagalaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrýan şu gezekki dostlukly sapary gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe sagatdan soňra, Pekiniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary dowam edýär.
PDF









