19-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.
Milli Liderimiz Monako Knýazlygyna sapar bilen barýandygyny, bu ýurduň özüni dünýäde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sport üstünlikleri bilen hem tanadandygyny belledi. 2025-nji ýylda Monako “Dünýäniň sport paýtagty” diýlip yglan edildi. Türkmenistanda bolsa bu ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň makullamagy esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz sportuň Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, 1894-nji ýylda häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryny esaslandyran Pýer de Kuberteniň parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ýeňşe bolan ymtylmanyň nyşany hökmünde “Sport — dünýäň parahatçylygy!” diýen jümlesiniň hemmeleri ruhubelentlige çagyrýandygyny nygtady.
Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, şoňa görä, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Monako bilen ilerledilýän hyzmatdaşlygyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda metbugat wekillerine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Milli Liderimiziň Monako Knýazlygyna amala aşyrýan şu sapary muny nobatdaky gezek subut edýär.
Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýedir. Ýurdumyz şol döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa döwletleri bilen netijeli özara hereketler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Ýewropanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň dürli pudaklarynda üstünlikli işleýär. Sebitiň ýurtlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän işewür toparlarynyň wekilleriniň sany barha artýar.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Wekiliýetleriň özara saparlary, Medeniýet günleriniň, dürli sergileriň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze sahypany açar.