5-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy ähmiýeti bolan giň gerimli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Belent mertebeli myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen ähli halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy özüne bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini nygtady.
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu dostlukly ýurt, şol sanda onuň sebitleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi. Şunda Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklar ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy.
Rustam Minnihanow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň abadanlaşdyrylyş derejesine we onuň binalarynda halkara çäreleri geçirmäge döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Şeýle hem ol BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň göçme görnüşde ilkinji gezek Türkmenistanda geçirilýändigini aýratyn nygtady. Halkara maslahatyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesiniň dünýä nusgalykdygy barada aýdyldy.
Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda göni gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depgini häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Munuň özi birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň uzak geljegi nazarlaýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyz we Rustam Minnihanow ýola goýulýan gatnaşyklaryň iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.