Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine halkara baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly gutlagy
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Sözümiň başynda Siziň hemmäňize mähirli salamlarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Azerbaýjan Respublikasynyň hormatly Prezidenti, gadyrly doganym Ilham Aliýewi hem-de Ermenistan Respublikasynyň hormatly Premýer-ministri Nikol Paşinýany adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu günki dabara özara düşünişmek, ynanyşmak, döwletara dialogy berkitmek, parahatçylyk we durnuklylyk ugrunda päsgelçilikleri ýeňip geçmegi başarmak ýörelgeleriniň häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini hem-de wezipelerini çözmekde örän möhüm, täsirli we öňdengörüjilikli çemeleşmeler bolup durýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Biz Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasy we Ermenistan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly hormat bilen garaýarys hem-de muňa aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmen halky bilen bu ýurtlaryň halklarynyň arasynda köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer arabaglanyşyklar bar. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklarymyz deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär we ýurtlarymyzyň ileri tutýan maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň we Ermenistanyň Premýer-ministriniň paýhasynyň, ýokary jogapkärçiliginiň iki ýurduň rowaçlygyny, abadançylygyny üpjün etmäge, Günorta Kawkazda uzak möhletli durnuklylygy hem-de ylalaşygy saklamaga we berkitmäge uly täsir edýän wajyp şert bolup çykyş edýändigini nygtamak isleýärin. Şeýh Zaýed adyndaky baýragyň berilmeginiň dünýä derejesinde hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň, parahatçylyk filosofiýasynyň, ynanyşmagyň we özara hormata esaslanýan dialogyň ýokary gymmatlyklaryny yzygiderli gorap saklamak üçin ruhlandyryjy itergi boljakdygyna ynanýarys. Türkmenistan bu ugurdaky işlere hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, öz hemişelik Bitaraplyk derejesini, mümkinçiliklerini we toplan syýasy tejribelerini ählumumy hem-de sebitleýin parahatçylygy döretmek boýunça gün tertibini amala aşyrmak, halkara hukugyň kadalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny goramak boýunça derwaýys meseleleri çözmek üçin ulanmaga taýýardyr.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly sene ýokarda agzalan düşünjeleriň zerurdygyny we ähmiýetini örän aýdyň subut etdi. Şeýle hem dürli döwletleriň, abraýly köptaraplaýyn guramalaryň gapma-garşylyklary ýeňip geçmek, halkara gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlyga we özara bähbitli çözgütleri tapmaga gönükdirmek ugrunda edýän tagallalaryna dünýä derejesinde berilýän goldawyň barha güýçlenýändigini açyp görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygy, ylalaşygy gazanmak boýunça möhüm çözgütleriň hut Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kabul edilmegi uly taryhy ähmiýete eýedir.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Şeýh bin Zaýed beýik adamdy. Maňa-da ençeme gezek onuň bilen bir supranyň başynda parahatçylyk barada söhbet etmek miýesser edipdi. Şunuň esasynda Azerbaýjanyň Prezidentine we Ermenistanyň Premýer-ministrine adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, netijeli özara gatnaşyklara, bilelikdäki giň möçberli ykdysady we infrastruktura taslamalaryna çykmaga täze itergi berer diýip berk ynanýaryn. Türkmenistanyň bu babatda döredijilikli başlangyçlarydyr mümkinçilikleri oňyn garşylaýandygyny hem-de goldajakdygyny mälim etmek isleýärin.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işleriňizde uly üstünlikleri, siziň goňşy ýurtlaryňyzyň halklaryna bolsa mizemez parahatçylyk, bagt we rowaçlyk, tutuş dünýäniň ähli halklaryna abadançylyk, parahatçylyk arzuw edýärin.
(Aşgabat şäheri)
PDF









