25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Milli Liderimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyz Aşgabatda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Oňa Ilçihananyň işgärleri, Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň we intelligensiýanyň wekilleri, şeýle hem Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda çykyş edenler, Halk Maslahatynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň möhüm meseleleriniň, ilatymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ykdysady ösüşi pugtalandyrmak, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellediler.
Çykyşlarda oba hojalygynda, ulag-aragatnaşykda, senagat pudagynda we durmuş-medeni ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýratyn durlup geçirildi. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň, Bitaraplygyň we dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Ilçihanada önümçilik tejribeliklerini geçýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary öz çykyşlarynda Türkmenistanda ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, sagdyn ruhda terbiýelemek barada aladalar edilýändigini, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmäge, ýaşlaryň ahlak we durmuş taýdan ösüşiniň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar.
Şeýle hem çykyşlarda, Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşmak we çykyş etmek bilen ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary, hoşniýetli bitaraplyk ýörelgesi barada bellänleri dogrusynda hem pikir alyşmalar boldy.
Bu taryhy çykyşyň diňe bir Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga hem taýýardygyny aýdyň görkezen möhüm waka bolandygyny bellediler.