Şu ýyl ýurdumyz öz ösüş ýolundaky möhüm senäni – halkara derejesinde hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär. Bu dereje diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň hem-de dünýäniň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň we ynamyň nyşanyna öwrüldi.
Ýurdumyzda şanly Bitaraplyk toýy uludan tutular we oňa dünýäniň çar künjeginden myhmanlar geler. Häzirki wagtda bu toýa uludan taýýarlyk görülýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde garaljak meseleler barada aýdyp, Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň golaýlap gelýändigini we bu baýramyň giňden, dabaraly bellenilip geçiljekdigini nygtady. «Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda we berkitmekde aýgytly ädime öwrüldi» diýip, Milli Liderimiz belledi.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolanyndan bäri paýtagtymyz Aşgabat köp gezek halkara gepleşikleriň we düşünişmegiň merkezi hökmünde çykyş etdi. Bu ýerde Owganystan boýunça gepleşikler, Täjigistan boýunça parahatçylyk duşuşyklary geçirildi. 2007-nji ýylda bolsa BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkezi açyldy. Bu merkez sebitdäki diplomatik başlangyçlaryň we hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasyna öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ynsanperwerlik, jogapkärçilik we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hereketdir.
Türkmenistan sebitde durnuklylygy we yzygiderli ösüşi berkitmek ugrunda çykyş edip, energetika, ulag, ekologiýa we suw serişdeleri ugurlarynda köp sanly başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň hem-de tutuş halkara jemgyýetçiliginiň ynamdar hyzmatdaşyna öwrülendigini dünýä ykrar edýär.
Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyny baýram edýän Türkmenistan bu döwürde döredijilik, diplomatik üstünlikler we parahatçylygy berkitmek ýolunda uly tejribe toplady.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwlet ýörelgesiniň esasy gymmatlygy bolup, parahatçylygyň, ylalaşygyň we ösüşiň hatyrasyna täze üstünliklere ruhlandyrýan mukaddes ýörelgedir.
Emin Ezizow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
PDF









