31-nji martda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi Batyr Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan strategik barlaglar institutynyň (GSBI) direktory Žandos Şaýmardanow bilen duşuşygy geçirildi.
Konstruktiw häsiýetli söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Sebit durnuklylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuna aýratyn üns berildi. GSBI-niň direktory Aşgabadyň işjeň ornunyň hem-de döredijilikli başlangyçlarynyň Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň geljekki Konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçmeginiň girewi boljakdygyna ynam bildirdi.
Ilçi B.Rejepow gadymy hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtady. Iki ýurduň bilermenler we ylmy-seljeriş jemgyýetçilikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gazagystanyň öz Döwlet garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýän şu ýylyň aýratyn ähmiýetini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, iki doganlyk halkyň has-da ýakynlaşmagyna gönükdirilen birnäçe bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.