Şu gün, 28-nji ýan­war­da paý­tag­ty­my­zyň «Me­kan» köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň no­bat­da­ky VIII gu­rul­ta­ýy ge­çi­ril­di. Oňa Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat­dan hem-de ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­dan we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

No­bat­da­ky gu­rul­ta­ýyň Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ge­çi­ril­me­gi mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim­li, aň-dü­şün­je­li bo­lup, ru­hy-ah­lak we be­den taý­dan sag­dyn ýe­tiş­mek­le­ri ba­ra­da­ky me­se­le­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň be­ýik öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len öňe git­me­gi­ni hut ýaş­lar bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar. Öň­de goý­lan be­ýik mak­sat­la­ra ýet­mek­de ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ra uly orun de­giş­li­dir.

Gu­rul­ta­ýyň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021-2025-nji ýyl­lar üçin döw­let mak­sat­na­ma­syn­da bel­le­ni­len we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri, şeý­le hem “Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­ni hem-de döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni na­zar­da tu­tup, Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Ter­tip­na­ma­sy­na üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek we beý­le­ki bir­nä­çe gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Fo­ru­myň baş­lan­ma­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da oňa gat­na­şy­jy­lar bu ýer­de gu­ra­lan göç­me ser­gi bi­len ta­nyş­dy­lar. Ser­gi­de hä­zir­ki za­man Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri, hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.

Şeý­le-de gu­rul­ta­ýyň do­wa­myn­da gu­ra­ma­nyň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­ny sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň hem-de hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz – Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

Şu ge­zek­ki fo­rum türk­men ýaş­la­ry­nyň ag­zy­bir­li­gi­ni, Wa­ta­ny­my­zyň röw­şen gel­je­gi­niň hem-de tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň be­ýik tag­lym­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ma­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedowyň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň da­şy­na je­bis­leş­ýän­dik­le­ri­ni ýe­ne bir ge­zek aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­di.