8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisiniň gatnaşmagynda Sanweý Uniwersitetiniň professor-mugallymlary we türkmen hem-de daşary ýurtly talyplary bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Sanweý Uniwersitetiniň Işewürlik mekdebiniň dekany, hormatly professory Lim Weng Mark Ilçihana tarapyndan guralan mazmunly duşuşyk üçin uniwersitetiň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Professor Lim Weng Mark öz çykyşynda Uniwersitetiň halkara talyplary bilen alyp barýan işleri barada gysgaça gürrüň berdi. Ol häzirki wagtda Sanweý Uniwersitetinde 250-den gowrak türkmen talybynyň bilim alýandygyny belläp, geljekde bu sanyň artdyrylmagy ugrunda degişli işleri dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.
Öz gezeginde türkmen tarapy Malaýziýadaky türkmen talyplaryna berilýän goldaw hem-de döredilýän oňaýly şertler üçin Sanweý Uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna we mugallymlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen talyplaryna berýän hemmetaraplaýyn goldawy aýratyn nygtaldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigi bellenildi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynananyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi we şu ýylyň dowamyndaky Türkmenistanyň işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek hemişelik bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.