Şu gün, 18-nji sentýabrda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF 2025) resmi taýdan açyldy. Ýurdumyzyň maýa goýum gurşawyny öwrenmek üçin bu iri halkara foruma 800-den gowrak halkara we ýerli wekil gatnaşýar.
Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Gutlagda: “Daşary ýurtly maýadarlaryň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, telekeçileriň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ugur alnyp geçirilýän bu çäre durmuşyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş hem-de täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri, sanly üpjünçilik ulgamy, sanly innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly meseleler babatda özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.” –diýlip bellenilýär.
Forum Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň alyp barmagyndaky “Strategiki netijeliligiň faktory hökmünde Türkmenistanyň maýa goýumlarynyň özüne çekijiligi” atly ýokary derejeli plenar mejlisi bilen başlady. Mejlisiň dowamynda Bütindünýä Bankynyň Ýerine ýetiriji direktory Beatris Luz Maser Mallor çykyş etdi, şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi Rabab Fatima onlaýn görnüşde mejlisde çykyş etdi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we durnukly ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak boýunça hökümetiň strategik garaýşy bilen tanyşdyrdy.
Iki günlük forum esasy ykdysady pudaklarda giňişleýin sessiýalary öz içine alar. “TIF 2025” Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralýar. “Türkmen Kongres” ýardamçy guramaçy hökmünde çykyş edýär.