Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň we Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösýändigini hem-de özara bähbitli ugurlaryň giň gerimini öz içine alýandygyny bellediler. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara düşünişmegi berkitmegiň we ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tutýan orunlaryny utgaşdyrmagyň wajyp guraly bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň ösüş häsiýeti, ýokary derejedäki parlament saparlarynyň uly orny, şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň her ýylky duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenip geçildi. Hyzmatdaşlygyň bu formaty döwletara gatnaşyklary berkitmegiň möhüm guraly bolup çykyş edýän we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berýän parlament diplomatiýasynyň esasy ugry bolup durýar.
Taraplar kanunçylyk başlangyçlaryny we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmäge, tejribe alyşmaga we ugurdaş komitetleriň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem yzygiderli we netijeli gepleşikler üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň we Gruziýanyň Parlamentiniň ýaş parlamentarileriniň, şeýle hem zenan parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem taraplar Halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamak tejribesini mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gruziýanyň Parlamentinde Hormatly myhmanlaryň kitabyna ýazgy galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Gruziýanyň Parlamentiniň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Taraplar bu resminamanyň parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin ygtybarly esas boljakdygyna ynam bildirdiler.
PDF









