30-njy martda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygynyň orunbasary Sadyk Safoýew bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa- Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin iberen çakylygy üçin hoşallygyny beýan edip, bu forumyň üstünlikli geçmegi baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda netijeli häsiýete eýe bolýandygyny, köp asyrlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň baý tejribesiniň esasynda syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, ikitaraplaýyn formatda bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde hem özara bähbitli gatnaşyklar esasynda yzygiderli ösdürilýändigi we pugtalandyrylýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň, ýaş we zenan parlamentarileriň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Çeşme:mejlis.gov.tm
PDF








