18-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň daşary işler we hukuk meseleleri boýunça komitetleriniň mejlisine gatnaşdy.
Forum türki döwletleriniň arasynda parlament derejesinde dostlukly hyzmatdaşlygy goldamagy, sebitde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegi, şeýle hem parlamentarileriň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribesini ýaýratmagy maksat edinýär.
Forumyň dowamynda şeýle ýokary derejeli ýygnaklaryň umumy bähbitleri goramak, halkara derejesinde wekilçiligi güýçlendirmek we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy.
Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda Türkmenistanyň parahatçylyk diplomatiýasyna, ykdysady hyzmatdaşlyga, medeni alyş-çalyş we daşky gurşawyň durnuklylygyna ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary bellenildi.