30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, Halk Maslahatynyň nobatdaky geçirilen mejlisiniň jemlerine hem-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge Özbegistan Respublikasynda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Özbegistanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş. Meredow, BMG-niň Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine Mahl hem-de Merkezi Aziýa Halkara institutynyň direktory Žawlon Wahabow çykyş etdiler.
Çykyşlarda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitleri, Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatsöýüjülikli Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde öňe süren halkara başlangyçlary, Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan edilen netijeli teklipler öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow öz çykyşynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň taryhy ähmiýeti hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy, şeýle hem parahatçylygy pugtalandyrmak syýasatynyň ähmiýeti dogrusynda belledi.
BMG-niň Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine Mahl “Awaza” syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hem-de Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň aýratyn uly ähmiýetiniň bardygyny beýan etdi.
Merkezi Aziýa Halkara institutynyň direktory Žawlon Wahabow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda ol iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde türkmen-özbek dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini arzuw etdi.