Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy, Onuň Alyjenaby Karl III tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistanyň Birleşen Patyşalyk bilen syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyjenaby Karl III berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.