7-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da aý­dyp, türk­men-rus stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň giň ge­rim­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar we gat­na­şyk­lar yzy­gi­der­li esas­da ge­çi­ril­ýär.
2022-nji ýy­lyň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de bol­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de hem du­şu­şyk­la­ryň al­ty­sy­nyň ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek bi­len, Türk­men döw­le­ti­niň Baş­tu­ta­ny ge­çen ýy­lyň iýun aýyn­da Rus­si­ýa bo­lan il­kin­ji res­mi sa­pa­ry­ny ýa­kym­ly duý­gu­lar bi­len ýat­la­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şol sa­pa­ryň bar­şyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da Jar­na­ma gol çe­kil­di.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti, öz ge­ze­gin­de, gol çe­ki­len Jar­na­ma­nyň hem-de bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň tu­tuş top­lu­my­nyň iki­ta­rap­la­ýyn döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň bäh­bi­di­ne hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da fa­şiz­me gar­şy ga­za­ny­lan Ýeň­şiň umu­my ta­ry­hy ha­ky­da­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Türk­me­nis­tan­da, Rus­si­ýa­da bol­şy ýa­ly, şol ýo­wuz ýyl­lar­da Ýe­ňiş ga­zan­mak ug­run­da sö­weş meý­dan­la­ryn­da ýur­dy go­ran­la­ra hem-de tyl­da ja­ny­ny aýa­man zäh­met çe­kip, Ýeň­şi ýa­kyn­laş­dy­ran­la­ra sar­pa go­ýul­ýan­dy­gy bel­le­nil­di.
Pre­zi­dent­ler Ser­dar Berdimuhamedow we Wla­di­mir Pu­tin Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan ýa­kyn­la­şyp gel­ýän Ýe­ňiş gü­ni bi­len bi­rek-bi­re­gi mä­hir­li gut­lap, iki ýur­duň halk­la­ry­na aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy­lar.
Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni Be­ýik Ýeň­şiň 78 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Mosk­wa­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän çä­re­le­re gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.
Öz ge­ze­gin­de, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ça­ky­lyk üçin dost­luk­ly döw­le­tiň Li­de­ri­ne min­net­dar­lyk bil­dir­di.